Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Wodorod energetikasy merkezinde alnyp barylýan ylmy-barlag işleri
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Wodorod energetikasy merkeziniň tejribehanasynda elektroliz usuly arkaly suwdan wodorod ýangyjyny almak boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin tejribehana desgasy ýygnaldy.
Häzirki wagtda tebigy gazdan wodorod energiýasyny almak boýunça guramaçylyk işlerini alyp barmak bilen bir hatarda Wodorod energetikasy merkeziniň barlag hanasynda wodorod ýangyjyny öndürmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar we tejribehana desgasynyň gollanmasy taýýarlanylýar.

Geçirilen barlaglardan görnüşi ýaly, elektroliz reaksiýasynyň otag temperaturasy we adaty atmosfera basyşy şertlerinde oňat netijeleri berýändigi anyklandy.
Alnan wodorod ýangyjy bilen has giňişleýin ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin howpsuz gaplara ýygnaldy. Alnan wodorod ýangyç hökmünde tejribede barlanylyp görüldi we onuň gyzgynlyk berijilik görkezijisi öwrenildi.

Wodorod bilen barlag geçirmegiň tehniki howpsuzlyk boýunça kadalary öwrenildi we olar ylmy barlaglarda doly ýerine ýetirilýär.
Geljekde Wodorod energetikasy merkezi tebigy gazdan (metandan) wodorod öndürmek boýunça gözleg geçirmegi meýilleşdirýär.
Beýik Britaniýanyň “Imperial College London” ýokary okuw mekdebi bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredilen Wodorod energetikasy merkeziniň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de ol ýokary okuw mekdebiniň ylmy tejribehanalary we wodorod energetikasy ugrunda alnyp barylýan ylmy işler bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 22-26-njy maýy aralygynda Beýik Britaniýanyň London şäherine uniwersitetiň wekilleriniň iş saparyna ugradylmagy meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda çykaran 2581-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň” meýilnamasyna laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredilen Wodorod energetikasy boýunça merkeziň meýilnamasy boýunça mugallymlar üçin “Wodorod energetikasyny ösdürmegiň ähmiýeti” atly gysga möhletli hünär kämilleşdiriş umumy we tejribe sapaklarynyň okuw maksatnamasy işlenip düzüldi.
Häzirki wagtda Wodorod energetikasy merkezinde uniwersitetiň mugallymlary daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenýärler. Bu okuw maksatnamalary, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri bilen ylalaşyldy we tassyklandy.
Döwlet bilim standartlaryna laýyklykda uniwersitetiň okuw meýilnamalaryna “Wodorod energiýasynyň fiziki we himiki esaslary” temany girizmek we okuw meýilnamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar we ýakyn wagtlarda bu ugur boýunça okuw işlerine başlamak göz öňünde tutulýar.