Wodorod energetikasy merkezi
I. Umumy düzgünler
1.1. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy merkezi (mundan beýläk – Merkez), Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (mundan beýläk – uniwersitet) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda çykaran 2581-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň ” Meýilnamasyna laýyklykda döredildi we ol uniwersitetiň gurluş düzümine degişli bolup, Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerini guraýar we amala aşyrýar. Merkez edara görnüşli tarap bolup durmaýar.
1.2. Merkez öz işini amala aşyranda Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk namalaryna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kadalaşdyryş-usulyýet resminamalaryna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň tabşyryklaryna we görkezmelerine, Uniwersitetiň Tertipnamasyna we rektoryň buýruklaryna hem-de görkezmelerine, şu Düzgünnama esaslanýar.
1.3. Merkeziň işi meýletin jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda amala aşyrylýar.
1.4. Merkez öz işini onuň ýolbaşçysy tarapyndan işlenip düzülýän we uniwersitetiň rektory tarapyndan tassyklanylýan ýyllyk we uzak möhletli tematiki meýilnamalara laýyklykda alyp barýar.
1.5. Merkez öz öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, uniwersitetiň adyndan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň degişli kärhanalary we guramalary, ylmy-barlag institutlary bilen ylmy-okuw hyzmatdaşlyk babatynda şertnamalary baglaşyp biler.
1.6. Merkezi üýtgedip gurmak we ýatyrmak uniwersitetiň Tertipnamasyna laýyklykda rektoryň buýrugy esasynda amala aşyrylýar.
II. Merkeziň maksady we wezipeleri
2.1. Merkeziň esasy maksady Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan hem-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmekden, innowasion ylmy-okuw maksatnamalaryny işläp düzmekden hem-de önümçilige ornaşdyrmakdan ybarat.
2.2. Kesgitlenen maksada laýyklykda Merkeziň öňünde şu aşakdaky wezipeler durýar:
- wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek babatda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň, kompaniýalarynyň tejribelerini öwrenmek üçin maglumatlary toplamak we seljermek;
- hyzmatdaş daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we halkara guramalarynyň tejribeli hünärmenleriniň wodorod energiýasy ugry boýunçasanly ulgam arkaly onlaýn okuwlaryny geçmeklerini guramak;
- Merkezde mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär başarjaňlyklaryny artdyrmak boýunça tejribeligi guramak;
- uniwersitetiň hünärmenleriniň we talyplarynyň ýurdumyzyň ylmy-barlag merkezlerinde hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýurdumyzdaky şahamçalarynda hünär başarjaňlygyny artdyrmak boýunça gysga möhletli okuwlaryny we tejribeligi guramak;
- wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny öwrenmek we ýolagoýmak;
- wodorod energetikasy boýunça seminarlary, halkara ylmy-amaly maslahatlary we webinar duşuşyklaryny geçirmek;
- Türkmenistanda wodorod energetikasyny öndürmek maksady bilen, dünýäde bar bolan öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak;
- wodorod energetikasy boýunça düýpli we tejribe ähmiýetli ylmy barlaglary,synaglary geçirmek;
- Merkeziň tematiki ylmy barlaglary, synaglary boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen işleriutgaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy saklamak;
- Merkeziň alyp barýan işleri barada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalary çap etmek.
III. Merkeziň dolandyrylyşy
3.1. Merkeziň işini dolandyrmagy uniwersitetiň Alymlar geňeşiniň agzalarynyň ses bermegi esasynda hödürlenilýän we rektoryň buýrugy bilen bellenilýän ylmy ýolbaşçy amala aşyrýar. Merkeziň ylmy ýolbaşçysy uly abraýdan peýdalanýan, kärine ussat, ylymlaryň doktory ýa-da kandidaty alymlyk derejesi bolmalydyr, onuň ylmy-pedagogiki iş tejribesi bolsa 3 (üç) ýyldan az bolmaly däldir.
3.2. Merkeziň direktory uniwersitetiň rektorynyň garamagynda durýar.
3.3. Direktor Merkeziň esasy wezipeleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär, onuň gündelik işini guraýar.
IV. Jogapkärçilik
4.1. Merkeziň resminamalary nädogry ýa-da möhletinde, şeýle hem şu Düzgünnamada göz öňünde tutulan wezipeler ýokary hilli ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda Merkeziň direktory jogapkärçilik çekýär.
V. Jemleýji düzgünler
5.1. Düzgünnama uniwersitetiň Alymlar geňeşiniň 2022-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen №1 belgili mejlisiniň karary bilen makullanyldy.
5.2. Şu düzgünnama makullanylan senesinden başlap güýje girýär we möhletsizhereket edýär.
5.3. Düzgünnama üýtgetmeler we goşmaçalar uniwersitetiň Alymlar geňeşiniň teklipleri boýunça girizilip bilner.
5.4. Merkeziň direktory Merkezde ýerine ýetirlen işleri barada ýyllyk hasabaty taýýarlaýar we uniwersitetiň Alymlar geňeşiniň mejlisinde hasabat berýär
“Wodorod energiýasynyň ösüşiniň geljegi” atly okuw-maslahaty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda çykaran 2581-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň” Meýilnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen uniwersitetde degişli işler alnyp barylýar.
2022 -nji ýylyň fewral aýynyň 28-ne Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň we uniwersitetiň talyplarynyň gatnaşmagynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSCE) gurnamagynda onlaýn duşuşyk geçirildi.

“Wodorod energiýasy boýunçadaşary ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek maksady bilen” wideo aragatnaşyk arkaly onlaýn konferensiýa (webinar) geçirildi.
2022-nji ýylyň mart aýynyň 9-ynda sagat 10.00-da Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumatlar merkezinde Ýaponiýa döwleti bilen Türkmenistanyň hökümetiniň degişli guramalarynyň arasynda “Wodorod energetikasy boýunça daşary ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek maksady bilen” wideo aragatnaşyk konferensiýa geçirildi.

Wodorod energetikasyny senagatda ulanmak boýunça UNIDO-nyň global hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ösüş boýunça dialogynyň birinji mejlisi geçirild.
2022-njiýylyň aprel aýynyň 1-ine wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Wodorod energetikasyny senagatda ulanmak boýunça UNIDO-nyň global hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ösüş boýunça dialogynyň birinji mejlisine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredilen Wodorod energtikasy merkeziň iş topary hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Mejlis Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndangeçirilip, onda ýaşyl wodorody öndürmekde bu guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda bütindünýä hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy ösdürmek boýunça pikiralşyldy. Mejlisde Awstriýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Hytaýyň, Müsüriň, Günorta Afrikanyň bilermenleri çykyş etdiler.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) gurnamagynda.
Atom wodorod önümçiliginiň täjirçilik taýdan ösdürilmegi üçin ýol kartasyny özleşdirmek boýunça tehniki maslahat geçirildi.
2022-nji ýylyň aprel aýynyň 5-7-si aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kompýuter hasaplaýyş merkezinde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) gurnamagynda "Atom wodorod önümçiliginiň täjirçilik taýdan ösdürilmegi üçin ýol kartasyny özleşdirmek" atly temasy boýunça Wodorod energiýasy merkeziniň hünärmenleriniň we daşary döwletleriň hünärmenleriniň arasynda tehniki maslahat geçirildi.

Ýaponýanyň "Kawasaki Heavy ind". Kompanuýanyň wodorod energiýasynyň önümçiligi bilen bagly tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak (Wideo aragatnaşyk arkaly)
2022-nji ýylyň aprel aýynyň 7-8-ine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Ind.” kompaniýasynyň gurnamagynda “Wodorod energiýasynyň önümçiligi bilen bagly tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak” atly temasy boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler, Energetika ministrlikleriniň, “Türkmenhimiýa”, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

“Türkmenistanda wodorod energetikasyny ösdürmegiň ähmiýeti" atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
2022-nji ýylyň aprel aýynyň 8-ineÝagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldiýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň gurnamagynda Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistanda wodorod energetikasyny ösdürmegiň ähmiýeti” atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Wodorod energetikasynda Beýik Britaniýanyň tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurdaiki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iş duşuşygy geçirildi (wideo aragatnaşyk arkaly)
2022-nji ýylyň aprel aýynyň 19-yna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Beýik Britaniýanyň Energetika senagatlary boýunça geňeşi we beýleki britan kompaniýalarynyň gurnamagynda “Wodorod energetikasynda Beýik Britaniýanyň tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak” atly tema boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň we ýurdumyzyň degişli edaralarynyň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata şeýle-de Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Wodorod energiýasyny senagatda ulanmak boýunça UNIDO-nyň global hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ösüş boýunça dialogynyň ikinji mejlisi geçirildi (wideo aragatnaşyk arkaly)
2022-nji ýylyň aprel aýynyň 22-ine wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Wodorod energiýasyny senagatda ulanmak boýunça UNIDO-nyň global hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ösüş boýunça dialogynyň ikinji mejlisine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredilen Wodorod energetikasy merkeziniň iş topary hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Mejlis Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndan geçirilip, onda ýaşyl wodorody öndürmekde bu guramanyň agza ýurtlarynyňarasynda bütin dünýä hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy ösdürmek boýunça pikiralşyldy. Mejlisde Awstriýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Hytaýyň, Müsüriň, Günorta Afrikanyň bilermenleri çykyş etdiler. Mejlise şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň,“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň,“Türkmennebit” döwlet konserniniň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň,TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

«Wodorod energiýasynyň ösüşiniň geljegi: innowasiýalar we tehnologiýalar» atly okuw maslahaty geçirildi (wideo aragatnaşyk arkaly)
2022-nji ýylyň aprel aýynyň 28-29-yna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnamagynda «Wodorod energiýasynyň ösüşiniň geljegi: innowasiýalar we tehnologiýalar» atly temasy boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň we ýurdumyzyň degişli edaralarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata şeýle-de Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen Döwlet energetika institutynyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaponiýanyň «Iwatani» korporasiýasynyň wodorod energiýasynyň önümçiligi bilen bagly tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak (wideo aragatnaşyk arkaly).
2022-nji ýylyň maý aýynyň 10-yna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň «Iwatani» korporasiýasynyň gurnamagynda «wodorod energiýasynyň önümçiligi bilen bagly tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak» atly temasy boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň we ýurdumyzyň degişli edaralarynyň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata şeýle-de Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň,«Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Wodorod energetikany Türkmenistanda ösdürmek boýunça «ýolkartasynyň» tasalamasy boýunça «tegelek stol» (wideo aragatnaşyk arkaly) geçirildi.
2022-nji ýylyň maý aýynyň 11-ine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnamagynda «Wodorod energetikany Türkmenistanda ösdürmek boýunça «ýol kartasynyň» tasalamasy boýunça tegelek stol» atly temasy boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň we ýurdumyzyň degişli edaralarynyň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahaty geçirildi. Maslahata şeýle-de, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak Ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Beýik Britaniýanyň «Petrofac» kompaniýasynyň energiýa serişdelerini öndürmek bilen bagly tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen iş duşuşygy (wideo aragatnaşyk arkaly).
2022-nji ýylyň iýul aýynyň 1-na sagat 15:00-da Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Beýik Britaniýanyň «Petrofac» kompaniýasynyň gurnamagynda «Energiýa serişdelerini öndürmek bilen bagly tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak» atly temasy boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň we ýurdumyzyň degişli edaralarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata şeýle-de Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet Ministrligi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň «Imperial College London» ýokary okuw mekdebiniň «Substainable Gas Institute» merkezi bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanyndaky Wodorod energetikasy merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça duşuşuk (wideo aragatnaşyk arkaly).
2022-nji ýylyň iýul aýynyň 8-ne sagat 14:00-da Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň «Imperial College London» ýokary okuw merkdebiniň «Substainable Gas Institute» merkezi bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanyndaky Wodorod energetikasy merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek» atly temasy boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň we Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň «Imperial College London» ýokary okuw mekdebiniň «Substainable Gas Institute» merkeziniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Ind.» kompaniýasynyň wodorod energiýasynyň önümçiligi boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iş duşuşygy (wideo aragatnaşyk arkaly).
2022-nji ýylyň iýul aýynyň 26-na sagat 10:00-da Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Ind.» kompaniýasynyň «Wodorod energiýasynyň önümçiligi boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak» atly temasy boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda (wideoaragatnaşyk arkaly) iş duşuşygy geçirildi. Maslahata şeýle-de, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň pes uglerodly energiýany we wodorod ýangyjyny ösdürmek boýunça halkarabaşlangyçlarynyň ähmiýetine bagyşlanan “tegelek stol” gepleşigi geçirildi.
2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-ine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kompýuter hasaplaýyş merkezinde uniwersitetiň Wodorod energetikasy merkeziniň direktorynyň orunbasary Maksat Allamyradowyň, Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor NurýagdySuwhanowyň, Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy kafedrasynyň müdiri Şeker Akyýewanyň, şol kafedranyň mugallymy Muhammet Sapargeldiýewiň hem-de Senagat ekologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy Gülendam Aşyrowanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň pes uglerodly energiýany we wodorod ýangyjyny ösdürmek boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýetine bagyşlanan “tegelek stol” gepleşigi geçirildi.

Aşgabatda Ýaşyl we Wodorod energetikasy hem-de metanyň zyňyndylary ugurlary boýunça Türkmenistanyň we Ýewropa bileleşiginiň bilelikdäki maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Aşgabatda “Ýaşyl energetika we ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy” temasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň bilelikdäki maslahaty geçirildi.
Gibrid görnüşinde maslahaty Türkmenistanyň energetika ministri we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso açdylar.
Kadri Simson,Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça komissarynyň we Klara de la Torre,Ýewropa Komissiýasynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Baş direktorynyň ýerine ýetirijisiniň wideo çykyşlary görkezildi. Maslahata Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýaşyl energetika, wodorod energetikasy we metanyň zyňyndylary ugrundaky alymlary we bilermenleri gatnaşdylar.
Şeýle hem Halkara energetiki agentliginiň, Ýewropa dikeldiş we ösüş bankynyň, Metan boýunça ählumumy başlangyjynyň, Hydrogen Europe kompaniýasynyň wekilleri, Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýanyndaky Tebigy gaz boýunça ylmy-barlag institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri çykyş etdiler.
ÝB-niň wekilleri özçykyşlarynda gaýtadan dikeldilýän energetika we onuň ösüş mümkinçilikleri ugrunda syýasatynyň esasy ugurlaryny açyp görkezdiler, gaýtadan dikeldilýän energetika pudagy we gaýtadan dikeldilýän energetika çeşmelerini girizmek boýunça halkara we sebit hyzmatdaşlygyndaky tejribeleri bilen paýlaşdylar. Olar ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy bilen tanyşdyrdylar we Türkmenistany degişli halkara başlangyjyna goşulmaga çagyrdylar.
Türkmenistanyň bilermenleri ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ulanylýandygyny mälim etdiler we 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energetikasy ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny hem-de Türkmenistanda ýokary öndürijilikliek sporta gönükdirilen wodorod energetikasy pudagynyň döredilýändigi barada aýtdylar. Mundan başga-da ekologiki taýdan howpsuz döwrebap çeşme goraýjy tehnologiýalaryň, hususan-da nebit-gaz, energetika we ulag ulgamlarynda ulanylmagy barada gürrüň edildi.
Maslahatyň dowamynda ÝB bilen Türkmenistanyň wekilleri tejribe alyşdylar we gaýtadan dikeldilýän energetika, gaýtadan dikeldilýän wodorodyň peýdalanylmagy we metanzyňyndylarynyň azaldylmagy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada maslahat etdiler. Taraplar özara gyzyklanmalary öňesürmek arkaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Taraplarbaýtadan dikeldilýän energetika bilen bagly meseleleriň giň toplumyny, hususan-da bu ugurda kanunlaryň işlenip düzülmegi, gaýtadan dikeldilýän energetika maýa goýumlary çekmek we bu ugurdaky innowasion tehnologiýalary hem-de wodorodyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝB we Türkmenistan hyzmatdaşlygyň anyk ýollaryny kesgitlemek maksady bilen esasy temalar boýunça gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory Hojanepes Ýowjanowyň Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri ylmy-publisistik žurnalynda «Wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlyk merkezi» atly makalasy çap edildi.