Giňişleýin

img
03 March 2022

Himiýa dersinden halkara açyk olimpiada

Bildiriş

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, 2022-nji ýylyň 4-nji maýyndaýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaHimiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny geçirýär we Siziň ýokary okuw mekdebiňiziň talyplaryny bu olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkaranebit we gaz uniwersitetiniň resmi internet sahypasynda we “moodle”platformasynda (http://olimpiad.hngu.edu.tm/) geçiriler.

Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus weiňlis dilleridir.

Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde A we B derejedegeçiriler:

a)  A derejä - himiýa hünärinde okaýantalyplar gatnaşyp biler;

b)  B derejä - hünäri himiýa bolmadyktalyplar gatnaşyp biler.

Olimpiada her dereje boýunça gatnaşýan talyplaryňsany 5-den geçmeli däl.

Ýörite işlenilip düzülen programma üpjünçiligiarkaly toplanan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy we toparlaýynýeňijileri kesgitlenilýär.

Olimpiada degişli goşmaça maglumatlar webildirişler uniwersitetiň https://iogu.edu.tm/en/articles/53 web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuwmekdebi, talyplaryň sanawyny nusga laýyklykda (1-nji goşundy) taýýarlap2022-nji ýylyň 20-nji apreline çenli hngu.olimp@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.

Habarlaşmaküçin:

Tel: +993 12 39 13 36, +993 65 67 51 31, +993 6563 26 57, +993 65 62 59 33

e-mail: hngu.olimp@gmail.com