I Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2023-nji ýylyň 19-njy aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda I Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny geçirýär we Siziň ýokary okuw mekdebiňiziň talyplaryny olimpiada işjeň gatnaşmaga çagyrýar.
Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň resmi internet sahypasynda we “moodle” platformasynda geçiriler. Platformanyň salgysy
Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri.
Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler.
Olimpiada gatnaşýan talyplaryň sany 10-dan geçmeli däl.
Ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiligi arkaly toplanan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy we toparlaýyn ýeňijileri kesgitlenilýär.
Olimpiada degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň https://iogu.edu.tm/en/declarations/289 web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň sanawyny nusga laýyklykda (1-nji goşundy) taýýarlap 2023-nji ýylyň 10-njy apreline çenli hngu.olimp@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.
Ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda I Halkara açyk informatika internet olimpiadasynyň talaplary bilen tanyşmak üçin (2-nji goşundy).
Olimpiada işjeň gatnaşan talyplaryň netijeleri.
Habarlaşmak üçin:
Tel: +993 12 39 13 36, +993 65 67 51 31, +993 1239 14 57,
+993 65 62 59 33, +993 12 39 13 18, +993 6402 25 21
e-mail: hngu.olimp@gmail.com