Giňişleýin

img
17 April 2023

“Ekologiýa howpsuzlygy we nebitgaz pudagynda standartlar: Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň öňdebaryjy tejribesi” atly onlaýn seminary geçiriler

     2023-nji ýylyň  24-25-nji  aprelinde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet  konsernleriniň  we “Türkmengeologiýa” döwlet  korporasiýasy  hem-de Ýagşygeldi Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Ekologiýa  howpsuzlygy we nebitgaz  pudagynda  standartlar: Ýewropada  howpsuzlyk  we  hyzmatdaşlyk  guramasynyň  öňdebaryjy  tejribesi” atly onlaýn seminary geçiriler. Onlaýn  seminara  gatnaşyjylar  öz  binasyndan wideoaragatnaşyk  arkaly  gatnaşarlar.