Nebitgaz senagatynda ulanylýan öndebaryjy tehnologiýalar we enjamlar barada onlaýn okuwlary geçiriler
Özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň we “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda giňden hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Oňa mysal edip “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary üçin nebitgaz senagatynda ulanylýan öndebaryjy tehnologiýalar we enjamlar barada onlaýn okuwlaryny yzygiderli geçirýändigini belläp geçmek bolar.
Bu onlaýn okuwlaryň täze tapgyrlarynyň geçiriljekdigini habar berýäris. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýa merkezinde “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologik uniwersiteti tarapyndan iňlis dilinde geçiriljek onlaýn okuwlaryň sanawy:
- 2023-nji ýylyň 18-19-njy aprelinde “Taslamalary netijeli dolandyrmak” atly;
- 2023-nji ýylyň 2-3-nji maýynda “Inženerçilik taslamasynyň ykdysady netijeliligine baha bermek” atly;
2023-nji ýylyň 26-27-nji iýunynda “Deňizde ýüzýän platformalaryň sanly modelleri we olaryň fiziki modelleriniň synagdan geçirilişi” atly gysga möhletli onlaýn okuwlar geçiriler.