TÄZELIKLER

img

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen UNICEF-iň arasynda 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň çäklerinde UNICEF-iň bilermenleri bilen ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlardaky hünärmenleri üçin okuw maslahatlary geçirildi

30 Mart 2022

2022-nji ýylyň mart aýynyň 30-na Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bileklikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen UNICEF-iň arasynda 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň çäklerinde UNICEF-iň bilermenleri bilen ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlardaky hünärmenleri üçin okuw maslahaty” geçirildi. Gibrid görnüşde geçen bu maslahata, Türkmenistanyň   Bilim ministrliginiň we onuň garamagyndaky okuw we terbiýeçilik edaralarynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Magtymguly  adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäräniň maksady mekdeplerde suw üpjünçiligi, sanitariýa we arassaçylyk şertleriniň üpjün edilişine gözegçilik etmek meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de enelik, dogry iýmitlenmek we sagdyn durmuş ýörelgesini ýöretmegi wagyz etmek bolup durýar. Bu maslahata uniwersitetimiziň meýletinçileri hem işjeň gatnaşdylar

img