TÄZELIKLER

img

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň maddy binýady we täze senagat kuwwatlyklary» atly maslahaty geçirildi

31 Mart 2022

2022-nji ýylyň 31-nji martynda uniwersitetiň uly mejlisler zalynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň maddy binýady we täze senagat kuwwatlyklary» atly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Gahryman Rozyýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy Atageldi Musaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Saparmyrat Owganow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Bäşim Annagurbanow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew gatnaşdy. Maslahaty “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň professory, hormatly il ýaşulysy Nurýagdy Suwhanow alyp bardy    

img