TÄZELIKLER

img

Nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

30 Mart 2022

2022-nji ýylyň mart aýynyň 29-30-yna paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlarynyçekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa”  döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa”  döwletkorporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.

Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipdegeçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-dedurnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlarynyçekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.

Forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşaryýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkaraguramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-dewekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar.Umuman, foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekillerigatnaşdylar.

img