TÄZELIKLER

img

Sanly ulgam arkaly (online) “Türkmen ýaşlary - golunda eýýamyň beýik işleri” atly okuw-maslahaty geçirildi.

27 Aprel 2022

      Türkmenistanyň  Bilim  ministrligi, Türkmenistanyň  Gyzyl  Ýarymaý  Milli  jemgyýeti, Türkmenistanyň  Sport  we  ýaşlar   syýasaty ministrligi  bilen  bilelikde  sanly  ulgam  arkaly  (online) “Türkmen  ýaşlary - golunda  eýýamyň  beýik  işleri”  atly  okuwy geçirildi. “Ýaşlary döwrüň  talaplaryna  laýyk  ýetişdirmekligiň, olary  telekeçilige  çekmek  barada  köpugurly  işleri  yzygiderli  alyp  barmaklygyň   ykdysady taýdan  ösen  döwleti  gurmakdaky  orny” tema  boýunça  Türkmen  döwlet  ykdysadyýet  we  dolandyryş  institutynyň  wekili  çykyş  etdi. Geçirilen  okuw  sapagyna  uniwersitetimiziň  meýletinçileri  Maglumat  tehnologiýa  merkezinde  sanly  ulgam  arkaly  gatnaşdylar.

img