TÄZELIKLER

img

“Nebitçi” woleýbol topary

29 Maý 2022

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň gurnamagynda 2022-nji ýylyň 23-29-njy maýy aralygynda erkekler woleýbol klub toparlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” woleýbol topary üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna mynasyp boldy.