TÄZELIKLER

img

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bütindünýä uniwersitetleriniň reýtinginiň sanawyna girizildi.

06 Iýul 2022

      Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda döwrebap ýokary okuwmekdepleriniň sany artýar,  maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, millibilim ulgamynyň kanunçylyk binýady  kämilleşdirilýär, çalt depginler bilenösýän sanly ykdysadyýetiň zerurlyklary  nazara alnyp, täze hünär okuwlarygirizilýär, okuw meýilnamalary, okuw  maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar,bilim bermegiň innowasion usullary okuw işine ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ýokaryokuw mekdepleri tarapyndan dünýäniň  abraýly ýokary okuw mekdepleri,ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk has-da  ýabaňlandyrylýar.

    Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurdaalnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen,  2024-nji ýylaçenli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary  okuwmekdepleriniň sanawyna girizmek wezipesini öňde goýdy. Bu wezipeden uguralnyp,geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2021-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda Beýik Britaniýanyň ady belli THE (Times Higher Education – Bütin dünýä reýting guramasy) tarapyndan her ýylda geçirilýän World UniversityRanking  Bütin  dünýä  uniwersitetleriň reýtinginiň taslamasynyň çäginde Impact  Ranking2022 (Täsir  etmegiň reýtingi)atly reýtingiň sanawyna girmek üçin 2019-njy we 2020-nji ýyllarda şu aşakdakygörkezijiler:

- SDG4(Ýokary hilli bilim);

- SDG7(Elýeterli we arassa energiýa);

- SDG9(Senagat, innowasiýalar we  infrastruktura);

-   SDG17(Maksatlara ýetmek üçin  hyzmatdaşlyk);

boýunça Durnukly ösüş  maksatlaryna gabat gelýän degişli işler alnyp baryldy.

   Geçirilen  işleriň netijesi boýunça  2022-nji ýylyň 27-njiaprelinde Beýik  Britaniýanyň  London şäherinde ýerleşýän ady belliTimes Higher Education  (Bütin  dünýä reýting  guramasy) tarapyndan Ýagşygeldi  Kakaýew adyndaky  Halkara  nebit wegaz   uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň  Telekommunikasiýalar we informatika   institutynyň Bütin  dünýä uniwersitetleriň reýtinginiň sanawyna  girizilendigi  habar berildi we ol barada maglumat Times Higher Education (Bütin  dünýä  reýting guramasynyň)resmi web-saýtynda doly sanaw bilen resmileşdirildi (https://www.timeshighereducation.com/).

    Dünýäde ady belli Times Higher Education (Bütin dünýä reýtingguramasy) ýokary bilim  ulgamynda  reýtingleri geçirmek boýunça ykrar edilen lider hasaplanylýar.

  2022-nji  ýylda Times Higher Education (Bütin dünýä reýtingguramasynyň)  Impact Ranking reýtingine gatnaşýan ýokary  okuwmekdepleriň sanawy getirilýär. Jemleýji reýting sanawyna girmek üçin hökmany 4 sany Durnukly ösüş maksatnamalarynda (SDG) reýting sanawyna girmek zerur. Eger uniwersitet olaryň 4 sanysynda hasaba alynmadyk  bolsa, onda ol  tutuş reýting sanawyndan aýrylýar we jemleýjireýtinge girizilmeýär, emma  hasaba alnan Durnukly ösüş maksatnamasynyňsanawynda onuň netijeleri  görkezilýär.

   Şeýlelikde  Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Türkmenistanyň  resminamalaryny tabşyran ähli 4 sany Durnuklyösüş maksatnamalarynda hasaba  alnyp, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinjileriň biri bolup, şeýle adybelli we abraýly reýtingiň sanawynagirmegi başardy.   

    Reýtinge dünýäniň 1400-den gowrak abraýly ýokary okuw mekdepleri saýlandy.

    Türkmenistandan iki sany ýokary okuw mekdebi – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit wegazuniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty jemleýji reýting sanawyna girizildi.