
Talyplaryň döredijilik we zehin festiwaly
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny – 2022» atly festiwalyň jemleýji tapgyry Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň her birinde talyp çeper höwesjeňler toparlarynyň gatnaşmagynda döredijilik we zehin festiwalynyň birinji tapgyry geçirildi we iň gowy döredijilik toparlary döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazandylar.
«Talyp joşguny» festiwaly aýdym-saza, tansa, edebiýata, folklora höwesjeň ýaşlar üçin – zehinini we döredijilik ukybyny doly açmaga mümkinçilik berýän zehin-ylham baýramçylygydyr.
«Talyp joşguny – 2022» atly talyplar festiwaly ýaşlaryň arasyndan döredijilige ukyply, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň başarnygyny ösdürmek, talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, sungata höwesini ýokarlandyrmak, şeýle hem milli medeniýeti giňden wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Festiwalyň esasy wezipeleriniň biri ýaşlarda halkymyzyň baý medeniýetine, şanly taryhyna bolan söýgüni artdyrmakdyr.
