
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Soňky jaň” mynasybetli dabara geçirildi.
2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň ýüzlerçesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi. Olar okuw ýyllarynda ähli ulgamlarda özlerini kämilleşdirmek üçin ygtybarly binýada öwrülen köptaraplaýyn bilim aldylar.
Ýaşlaryň öňünde täze ýollar açyldy, olaryň ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikler döredildi. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň esasy ýörelgesi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda jemlenýän durmuş ugurly syýasatynyň netijesidir. Şol ýörelgäniň esasy ugurlary Watanymyzyň ösmegine we rowaçlanmagyna goşant goşmaga ukyply nesilleriň sagdynlygyny, terbiýesini, bilimini hem-de ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak baradaky aladadan ybaratdyr.
