TÄZELIKLER

img

Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde aýdym-sazly çäre geçirildi.

14 Sentýabr 2022

     Garaşsyzlygyň   31   ýyllygy    mynasybetli  Türkmenistanyň    Demokratik    partiýasynyň   Aşgabat    şäher  komiteti   uniwersitetimiz  bilen  bilelikde  “Mukaddes  Garaşsyzlyk – Berkarar  döwletiň bagtyýarlyk  täjidir” ady  bilen  aýdym-sazly  çäresini  geçirdi. Bu  aýdym-sazly  çärä  Türkmenistanyň  Milli  Geňeşiniň Mejlisiniň  deputatlary  hem-de  dürli  ugurlarda  zähmet  çekýän  işjeň  partiýa  agzalary  gatnaşdylar. Çäräniň   dowamynda  uniwersitetimiziň  “Gara altyn”  çeper   höwesjeňler  toparynyň   ýerine ýetirmeginde  aýdymlar   ýaňlandy.  Bu  çäre 14.09.2022-nji  ýylda  geçirildi.

img