
Türkmenistanyň Çempionatynda gazanylan üstünlikler
Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugra aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär.Ýurdumyzda çempionatlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.
Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde,sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary netijeli işleri alyp barýarlar.Olar bedenterbiýäniň we sportuň sazlaşykly ösmegine we ýaş türgenleriň kemala gelmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
2022-nji ýylyň 02-06-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň çempionatynda sportuň Stoluň üstündeoýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.Ýaryşa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu ýaryşda sportuň stoluň üstünde oýnalýan jübütlikdäki görnüşinde uniwersitetiň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallym-öwrenijisi Nyýazgylyjowa Oguljennet, Geologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Begnazarowa Nargül bilelikde çykyş edip,I orna mynasyp boldular.Toparlaýyn görnüşinde Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallym-öwrenijisi Nyýazgylyjowa Oguljennet I orna mynasyp boldy.
Geologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Begnazarowa Nargül ýaryşyň toparlaýyn görnüşinde II orna mynasyp boldy.
Stoluň üstünde oýnalýan tennisiň ýekelikde oýnalýan görnüşinden Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlykfakultetiniň mugallym-öwrenijisi Nyýazgylyjowa Oguljennet II orna mynasyp boldy. Sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennisiň jübütlikde oglan-gyzlar görnüşinde Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallym-öwrenijisi Nyýazgylyjowa Oguljennet III orna mynasyp boldy.
Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.