TÄZELIKLER

img

Dünýä kubogynda baýrakly orun aldy

12 Noýabr 2022

     Berkarar döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe  türkmen  sportunyň  taryhyna  täze  sahypalar  ýazylýar. Türkmenistan  häzirki  wagtda   ösen  sport  ulgamly,  dünýä  derejesindäki  ýaryşlary  üstünlikli  geçirmäge  ukyply  ýurt   hökmünde  tanalýar.

     Türkmen  türgenleriniň  halkara  ýaryşlarynda  gazanan  üstünlikleri   aýratyn  bellenilmäge  mynasypdyr.

     2022-nji  ýylyň  02-06-njy  noýabry  aralygynda   Russiýa  Federasiýasynyň  Tatarystan  Resbuplikasynyň  Kazan  şäherinde  geçirilen  Dünýä  kubogyny almak  ugrunda  sportuň   guşakly  göreş  görnüşi  boýunça  geçirilen  ýaryşda  türkmen  türgenleri   üstünlikli   çykyş   etdiler.Ýaryş  dürli  agram  derejeleri boýunça  geçirildi.

     Şu  ýaryşda  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  Energetika  we  inženerçilik  desgalary fakultetiniň  2-nji  ýyl    talyby   Sopyýew   Ybraýym   75 kg   agramda   III orny  eýelemägi   başardy.

      Türgenlerimiziň   dünýä   derejesindäki   üstünlikli  çykyşlary  sporty  söýüjilerde  guwanç,  buýsanç  duýgularyny  döredýär.

img