
Türkmenistanyň Çempionatynyň ýeňijileri
Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugra aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär.
Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Talyplar sport kluby netijeli işleri alyp barýar.
2022-nji ýylyň 15-16-njy dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sportuň Dzýudo görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýaryş geçirildi.Ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Faýzullaýewa Aýnura I orna, Nebit we gaz fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kemalow Ylham II orna mynasyp boldy.
Bu üstünlikler ýurdumyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.
