IAU THE 3 4 5 6 test 7

Oil and gas faculty

Oil and gas faculty
Faculties and departments

Oil and gas faculty

Fakultetde  Nebit  we gaz guýularyny  burawlamak, Nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek,  Nebit  gaz  geçirijilerini  we nebitgazyň  saklanýan  ýerlerini  taslamak,  gurmak we ulanmak  hem-de Diller kafedralary hereket edýär.

Fakultetde “Nebit we gaz guýularyny burawlamak”, “Nebit we gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak” we “Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan  ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak” hünärleri boýunça dag inženerleri, “Nebitgaz işi” taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar hem-de magistrler  goýberilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernlerinde, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynda hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda, ylmy-barlag institutlarynda, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýärler.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň  Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda fakultetiň kafedralaryna degişli binýatlyk kafedrasy hereketedýär. Talyplar bu kafedrada nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde pugtalandyrýarlar, ylmy-barlag we taslama işlerine işjeň gatnaşýarlar.

Nebit we gaz fakultetiniň okuw binasynyň okuw otaglary häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Fakultetde diplom we ýyllyk taslamalary, lingafon we kompýuter otaglary hem-de okuw we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenilen tejribe hanalar bar.