11 Maý 2023
Ýagşygeldi
Kakaýew adyndaky Halkara nebit
we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw
merkezi 2013-nji ýylyň 3-nji maýynda “Maglumat tehnologiýalar
merkezi” ady bilen ilkinji gezek döredilip, soňra
2019-njy ýylyň 4-nji martynda ady “Innowasiýa ylmy-okuw
merkezi” diýlip üýtgedildi. 2019-njy ýylyň 7-nji
iýunynda merkeziň Balkan welaýatynyň Balkanabat
şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň Balkanabat şahamçasynyň binasynda Innowasiýa
ylmy-okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasy döredildi.
Merkeziň esasy maksady raýatlara başlangyç, hünär bilimini
bermek, talyplara okuwdan daşary goşmaça taýýarlyk okuwlaryny geçmek;
edara-kärhanalaryň ýokary we orta bölümleriniň hünärmenlerine kompýuter
sowatlylygyndan başlap, hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary
gaýtadan taýýarlamak, gysga wagtly okuw kurslary gurnamak
we geçirmek; başlangyç we ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimlerini
amala aşyrmak; ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylma bolan höwesini
artdyrmak, önümçilik maksatly dürlikiçi tejribeleri geçirmek, täze
tehnologiýalary ornaşdyrmakda laboratoriýa şertlerinde tejribeleri
geçirmek; iri möçberli ylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary
okuw mekdepleriniň işläp düzen täzelikleriniň önümçilikde peýdalanylyşyny
giňeltmek, ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze
görnüşlerini ösdürmek; kompýuterleri, periferiýa gurluşlaryny we programma
üpjünçiligini işläp taýýarlamak, lomaý satmak; maglumaty işläp we saklaýjy
serişdeleriň toplumyny we aragatnaşyk enjamlaryny gurnamak, düzmek,
tehniki hyzmatlary etmek; nebitgaz toplumyna degişli hünärmenleriň we
mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak;
daşky gurşawy goramak boýunça kadalaşdyryjy namalary işläp
taýýarlamak ýaly meseleleri merkeziň esasy iş ugurlarynyň biridir.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde orta mekdep
ýaşly okuwçylardan başlap, orta hünär bilimli,ýokary
okuw mekdepleriň talyplary, dürli pudaklardan
hünärmenleriň hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler.
Merkez doly hojalyk hasaplaşygy,öz-özüni maliýeleşdirmek
we ödemek ýörelgelerinde hereket edýär.
Merkezde ýurdumyzyň birnäçe hususy
eýeçilikdäki edara-kärhanalaryň işgärleri
hünär derejesini ýokarlandyryş we gaýtadan
taýýarlyk okuwlaryny geçýärler. Şu güne çenli
Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde “Dragоn Oil”, “Areti”, “Eni”,“BUIG”,
“BKE buraw kompaniýasy”, “Western
Atlas International”, “Mitsubishi Electric AG MELCO
Elevator”,“Caspian Drilling Company”, “Rönesans”, “Atlas”
daşary ýurt kompaniýalaryň hünärmenlerini hem-de
ýurdumyzda hereket edýän hususy telekeçilige
degişli “Miýesser” “Mawy Kenar”, “SGS”, “Ynanç Hyzmat”, “Berk Amal”, “Rowaç
Hyzmat”, “Aziýa Ýollar”,“Gazyk”, “Gujurly Inžener”, “UssatInžener” we
başga-da 243 sany kärhanalarynyň hünärmenleri
hünär derejesini ýokarlandyryş we gaýtadan
taýýarlyk okuwlaryny geçdiler we geçmeklerini
dowam edýärler.
“Dragon Oil” kompaniýasy
bilen Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň
arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda
kompaniýanyň 703 sany hünärmen “Senagat
howpsuzlygy boýunça işler” ugry boýunça hünär
derejesini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlyk
okuwlarynyň birinji tapgyryny üstünlikli tamamlap,
ikinji tapgyra gadam basdylar.
Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň Balkanabat
şahamçasynda nebitgaz ugurlary
boýunça edara-kärhanalaryň 70-e golaýy şertnama
baglaşyp, şertnamanyň mazmunyna we meýilnama
laýyklykda edara-kärhanalaryň hünärmenleriniň hünär derejesini
ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlyk okuwlaryny geçirýär.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi bilen
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynyň Hünär-tehniki orta mekdebi bilelikdäki
özara bähbitli hyzmatdaşlyk şertnamasy esasynda
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň
hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary
gaýtadan taýýarlamak okuwlaryny geçirilip, olary
üstünlikli tamamlan diňleýjilere döwlet
nusgasyndaky şahadatnamalar berilýär, okuwlar häzirki
wagtda meýilnama görä, tapgyrlaýyn öz işini
dowam edýär.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi bilen
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumynyň Hünär-tehniki okuw mekdebinde
meýilnama we şertnama laýyklykda bilim
ugrunda gazanylan dünýä tejribesi göz-öňünde tutulyp,
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumynyň hünärmenlerinden başga-da
2500-e golaýyny dürli daşary ýurt we
ýerli kärhanalaryň hünärmenleriniň 2021-nji ýyldan
başlap, 2024-njiýylyň ahyryna çenli okatmak göz-öňünde
tutulýar.
Häzirki wagtda Innowasiýa ylmy-okuw
merkezinde “Sowadyjy we howa ulgamlary”, “Ekologiýa
howpsuzlygy”, “Sanly tehnologiýalar we dolandyryş”, “Iňlis dili”, “Rus
dili” ugurlary boýunça gysga möhletli okuwlar
tölegli esasda geçirilýär.
“Burawlamagyň tehnikasy we tehnologiýasy”,
“Nebit we gaz känlerini özleşdirmek we
ulanmak”, “Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan
ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak”,
“Tehnik-dozimetrist”, “Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň
himiki tehnologiýasy”, “Tehnologiýa proseslerini we
önümçiligi awtomatlaşdyrmak”,“Energetika”,“Nebit we gaz
geologiýasynda innowasiýa tehnologiýalarynyň esaslary”,
“Nebit-gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy”,
“Senagat howpsuzlygy boýunça işler”, “Kiçi we
orta işewürlik menejment”,“Maliýe hasabatlylygynyň
halkara standartlary” ugurlary boýunça hünär
derejesini ýokarlandyryş okuwlary hem-de “Buhgalter hasabaty”,
“Buraw enjamlarynyň maşinisti”,“Nebit we gaz
guýularyny burawlaýjynyň kömekçisi”, “Geofiziki we
geologiki işleri boýunça dag işçisi”, “Elektrik
togy we gaz bilen kebşirleýji”, “Elektromehaniki
synaglaryň we ölçegleriň laboranty”, “Kompressor
wenasos enjamlarynyň maşinisti”,“Nebiti we gazy
gaýtadan işleýän tehnologiki gurluşlaryň operatory”,
“Himiki derňewiň laboranty”, “Kätip, kompýuteriň operatory”,
“Telekeçiligiň esaslary”hünär okuwlary alnyp barylýar.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi diňe bir
okuw işleri bilen çäklenmän, eýsem Ýagşygeldi Kakaýew
adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
mugallymlarynyň we talyplarynyň ylma bolan
höwesini artdyrmak, ylmy-önümçilik tejribeleri geçirmek,
önümçilik bähbitli işleri ýola goýmak ýaly
çäreleri amala aşyrýar.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň
ylma bolan höwesini artdyrmak,önümçilik maksatly
dürli kiçi tejribeleri geçirmek, täze tehnologiýalary
ornaşdyrmakda laboratoriýa şertlerinde synag
tejribeleri geçirmek, iri möçberli ylmy-tehniki
wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw
mekdepleriniň işläp düzen täzelikleriniň
önümçilikde peýdalanylyşyny giňeltmek maksady bilen,
ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze
görnüşlerini ösdürmek boýunça möhüm işleri amala aşyrýar.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan
berlen ygtyýarnama esasynda 2020-nji ýyldan başlap,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyplarynyň saýlap alan ugurlary
boýunça hünär-bilimini kämilleşdirmek, talyplaryň ylma
bolan höwesini artdyrmak, olary maddy taýdan
höweslendirmek hem-de kiberhowpsuzlygy üpjün etmek bilen,
programma üpjünçilikleri döretmek we şertnama esasynda
olary kärhanalara ornaşdyrmak ugrunda
birnäçe işleri alyp barýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň
birnäçeedara-kärhanalarynda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirip,
programma üpjünçilik toplumlaryny döredilmegi we kämilleşdirilmegi dowam
etdirilýär.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi ylmyň we
tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça
düýpli we amaly ylmy-barlag hem-de taslama
işlerini alyp barmak; ylmy işgärleriň, professor-mugallymlaryň,
talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini, innowasiýalaryny
we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak; nebitgaz
toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş kärhanalaryna
sanly ykdysadyýeti we innowasiýa çözgütleri
ornaşdyrmagyň ýollaryny we ugurlaryny kesgitlemek;
nebiti we gazy çuňlaşdyryp gaýtadan
işlemekde nebitgaz toplumynyň kärhanalary bilen
bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barmak we
ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri önümçilige
hödürlemek ugrunda giň möçberli işleri alyp
barýar. Häzirki wagtda Innowasiýa ylmy-okuw
merkezi “Türkmengaz” döwlet konserni hem-de “Türkmengeologiýa”
döwlet korporasiýasy bilen şertnama baglaşyp,
ylmy-tehniki goldawyny bermek,oýlap tapyşlary
önümçilige ornaşdyrmak ugrunda şertnamalaýyn işler
ýerine ýetirildi we goşmaça şertnamalary baglaşyp,
täze teklipleri önümçilige ornaşdyrmak ugrunda
işler alnyp barylýar.
Habarlaşmak üçin:
1.
Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş.,
Arçabil şaýoly, 8, Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň binasy
2.
Tel: (+99312)39-14-82
3.
Faks: (+99312)39-14-00
4.
E-mail: iuog@sanly.tm
5.
Web-saýt: iogu.edu.tm