Postgraduate department
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 9-njy awgustynda çykaran “Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersiteti derejesini bermek hakynda” PP – 6391 belgili permanyna we “Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň meseleleri hakynda” PP – 13161 belgili Kararyna hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2013-nji ýylyň 12-nji awgustyndaky 249 belgili buýrugyna laýyklykda, Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersiteti derejesiniň berlip,onuň Halkara nebit we gaz uniwersiteti diýlip atlandyrylmagy bilen baglylykda, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň 2013-nji ýylyň 5-nji sentýabryndaky 82-nji buýrugy bilen aşakdakygörkezilen hünärler boýunça aspirantura we doktorantura döredildi: Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň aspiranturasynda 7 aspirant we 1 sany ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär hasaba alnyp, olar ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça öz dissertasiýa işlerini ýerine ýetirýärler.