Geologiýa  we  geohimiýa   kafedrasy   2012-nji   ýylda   döredildi. Kafedra Geologiýa  fakultetiniň   düzüm bölegi   bolmak   bilen, uniwersitetiň   möhüm  gurluş  bölümleriniň   biridir.

      Kafedranyň  esasy  wezipesi  okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we   taslama  işlerini  döwrüň  talabyna  laýyk-lykda guramak  we  ýola  goýmak  bolupdurýar.

      Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  Halkara nebit  we   gaz  uniwersitetiniň  Geologiýa   fakultetiniň Geologiýa we geohimiýa  kafedrasynda  Türkmenistanyň  Nebitgaz   toplumynyň  “Türkmengaz”  döwlet  konserni, “Türkmennebit” döwlet  konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet  korporasiýasy hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Nebitiň we gazyň geologiýasy” hünäri boýunça hünärmenler hem-de “Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy  we  gözlegi” taýýarlyk  ugry  boýunça  baklawrlar   taýýarlanylýar.

      Kafedra “Nebitiň we gazyň geologiýasy” hünäri  boýunça ýokary bilimli dag inženeri-geologlary, “Gazylyp alynýan peýdaly  magdanlaryň  geologiýasy we gözlegi” taýýarlyk ugry boýunça baklawrlary goýberýär.

      Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:

      - Umumy geologiýa tejribehanasy;

      - Litologiýa we petrografiýa tejribehanasy;

      - Nebit-gazyň geohimiýasy tejribehanasy;

      - Paleontologiýa  we  dag   jynslarynyň  kollektorlyk  häsiýetini  öwrenmek  tejribehanasy.

img