Geologiýa we geohimiýa kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Geologiýa fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyk-lykda guramak we ýola goýmak bolupdurýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň Geologiýa we geohimiýa kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Nebitiň we gazyň geologiýasy” hünäri boýunça hünärmenler hem-de “Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” taýýarlyk ugry boýunça baklawrlar taýýarlanylýar.
Kafedra “Nebitiň we gazyň geologiýasy” hünäri boýunça ýokary bilimli dag inženeri-geologlary, “Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” taýýarlyk ugry boýunça baklawrlary goýberýär.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- Umumy geologiýa tejribehanasy;
- Litologiýa we petrografiýa tejribehanasy;
- Nebit-gazyň geohimiýasy tejribehanasy;
- Paleontologiýa we dag jynslarynyň kollektorlyk häsiýetini öwrenmek tejribehanasy.