Senagat ekologiýasy kafedrasy 2012-nji ýylda döredilen. Kafedra Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de dolandyryş müdirlikleri, Türkmenistanyň oba hojalyk ministrligi”, “Daşky gurşawy goramak ministrligi” we olaryň garamagyndaky edaralary, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy, ýurdumyzyň taslama we ylmy-barlag institutlary üçin “Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak” we “Metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak” ugurlary boýunça hünärmenler we “Standartlaşdyrmak we metrologiýa” taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar hem taýýarlanylýar.
Kafedra “Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak” hünäri boýunça ýokary bilimli inžener-ekolog-tehnologlary we “Metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak” hünäri boýunça ýokary bilimli inžener- tehnologlary, “Standartlaşdyrmak we metrologiýa” taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlary goýberýär.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- Senagat ekologiýasy tejribehanasy;
- Akyndy suwlary arassalamak tejribehanasy;
- Ekologik monitoring tejribehanasy;
- Mikrobiologiýa we biotehnologiýa tejribehanasy;
- Gözegçilik, barlag we synag usullary tejribehanasy;
- Metrologiýa tejribehanasy.
