Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýolagoýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Nebiti,gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy” hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanýar. “Himiýa tehnologiýasy”taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar we “Uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy” taýýarlyk ugry boýunça magistrler goýberilýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda we Tehnologiýalar merkezinde uniwersitetiň Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy atly binýatlyk kafedralary döredildi. Binýatlyk kafedralarynda alymlar we hünärmenler ýörite hünär derslerinden umumy okuw we amaly sapaklary okadýarlar; talyplaryň önümçilik tejribeliklerine, diplom işlerine we ylmy-barlag işlerine ýolbaşçylyk edýärler.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
-Ýangyjyň öndürilişi tejribehanasy;
- Nebitiň we gazyň himiýasy tejribehanasy;
- Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy tejribehanasy;
- Himiýa tehnologiýasynyň prosesleri we apparatlary tejribehanasy;
- Umumy himiýa tehnologiýasy tejribehanasy;
- Nebithimiýa sinteziniň tehnologiýasy tejribehanasy.