Kiberhowpsuzlyk kafedrasy 2021-nji ýylda döredildi. Kafedra Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolupdurýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň hem-de beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň edara-kärhanalary üçin “Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary” hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler, “Maglumat howpsuzlygy” we “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)” taýýarlyk ugurlary boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar.
Kafedra maglumat we aragatnaşyk, sanly tehnologiýalarda kiberhowpsuzlygy we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegi, dürli hüjümleriň öňüni almak üçin degişli çäreleri görmegi, howplaryň garşysyna programma üpjünçiliklerini we beýleki serişdeleri ulanmagy hem-de işläp düzmegi başarýan “Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary” hünäri boýunça ýokary bilimli inžener-sistemotehnikleri, “Maglumat howpsuzlygy” we “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)” taýýarlyk ugurlary boýunça bakalawrlary goýberýär.
Kafedra şu aşakdakylar degişlidir:
- 13 sany kompýuter otagy;
- 1 sany diplom taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin otag.