Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň hem-de beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň edara-kärhanalary üçin “Maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi” hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler, “Programma inženerligi” we “Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi” taýýarlyk ugurlary boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar.
Kafedra kompýuter tehnologiýasynyň dürli ugurlary, maglumat we aragatnaşyk, sanly tehnologiýa ulgamy üçin programma üpjünçiligini işläp düzmegi we ony ulanmagy başarýan “Maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi” hünäri boýunça ýokary bilimli inžener-programmistleri, “Programma inženerligi” we “Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi” taýýarlyk ugurlary boýunça bakalawrlary goýberýär.
Kafedra şu aşakdakylar degişlidir:
- 7 sany kompýuter otagy.