Geologiýa we geofizika kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Balkanabat bölüminiň Nebitsenagaty fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň Nebitsenagaty fakultetiniň Geologiýa we geofizika kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Nebitiň we gazyň geologiýasy” hem-de “Peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary” hünärleri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.
Kafedra “Nebitiň we gazyň geologiýasy” hünäri boýunça ýokary bilimli dag inženeri-geologlary hem-de “Peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary” hünäri boýunça ýokary bilimli dag inženeri-geofizikleri goýberýär.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- Teýgum öwreniş we geohimiýa tejribehanasy;
- Geologiýa müzeýi;
- “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgaz ylmy taslama” institutynda Nebitgaz we himiýa tehnologiýasy binýatlyk kafedrasy.