Geologiýa we geofizika kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Balkanabat bölüminiň Nebitsenagaty fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň   möhüm   gurluş   bölümleriniň   biridir.

      Kafedranyň  esasy   wezipesi  okuw-terbiýeçilik,   ylmy-barlag   we taslama  işlerini  döwrüň   talabyna  laýyklykda   guramak  we  ýola goýmak   bolup   durýar.

     Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň Nebitsenagaty fakultetiniň Geologiýa we geofizika kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet  konserni,  “Türkmengeologiýa”   döwlet  korporasiýasy hem-de  dolandyryş   müdirlikleri   we  edara-kärhanalary  üçin  “Nebitiň  we  gazyň  geologiýasy”  hem-de  “Peýdaly   magdanlary  gözlemegiň  we  barlamagyň  geofiziki   usullary”   hünärleri boýunça  ýokary  bilimli  hünärmenler  taýýarlanylýar.

      Kafedra  “Nebitiň   we  gazyň  geologiýasy”  hünäri  boýunça  ýokary  bilimli  dag  inženeri-geologlary  hem-de “Peýdaly  magdanlary  gözlemegiň  we  barlamagyň   geofiziki  usullary”  hünäri   boýunça  ýokary  bilimli  dag  inženeri-geofizikleri  goýberýär.

      Kafedranyň  düzümine  şu  aşakdakylar   degişlidir:

     - Teýgum  öwreniş  we  geohimiýa   tejribehanasy;

     - Geologiýa müzeýi;

     - “Türkmennebit”   döwlet  konserniniň  “Nebitgaz   ylmy  taslama”   institutynda   Nebitgaz  we  himiýa    tehnologiýasy  binýatlyk  kafedrasy.

img