Подробности

img
30 January 2025

Mekdep okuwçylarynyň arasynda “Zehinli ýaş matematikler” atly olimpiada geçiriler

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 5-nji we 25-nji martynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça “Zehinli ýaş matematikler” atly olimpiadany geçirýär. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde iki tapgyrda geçiriler. I tapgyry – ähli welaýatlar we Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça onlaýn görnüşinde, II tapgyry – Aşgabat şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçiriler.

    Olimpiadanyň testleri we ýumuşlary orta mekdepleriň okuw maksatnamasynyň esasynda işlenip düzüler. Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar özi barada nusga laýyklykda taýýarlanan maglumaty 2025-nji ýylyň 3-nji martyna çenli uniwersitetiň hngu.olimp@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.

    Olimpiadanyň I tapgyryna okuwçylar ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden onlaýn görnüşinde gatnaşarlar. “Zehinli ýaş matematikler” atly olimpiadanyň I tapgyry test görnüşinde onlaýn tertibinde 2025-nji ýylyň 5-nji martynda sagat 10:00-da geçiriler. Okuwçylaryň toplan ballary boýunça olimpiadanyň I tapgyrynyň şahsy ýeňijileri kesgitlenilýär.

    “Zehinli ýaş matematikler” atly olimpiadanyň II tapgyry ýumuşlary ýerine ýetirmek arkaly I tapgyryň ýeňijileriniň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň V okuw binasynda 2025-nji ýylyň 25-nji martynda sagat 10:00-da geçiriler. II tapgyryň ýumuşlary matematika dersi boýunça guramaçylyk topary tarapyndan düzüler.

    Olimpiada her orta mekdepden gatnaşýan okuwçylaryň sany çäklendirilmeýär.

    Bu olimpiadanyň ähli tapgyrlary türkmen dilinde geçiriler. Ýeňiji bolanlara uniwersitetiň diplomy we sowgatlary gowşurylar. Uniwersitet tarapyndan ýeňiji bolanlara ýokary okuw mekdebine girmeklerine ýardam bermek maksady bilen, «Teklip haty» berler.

    Olimpiada degişli goşmaça maglumatlar, okuwçylaryň özi barada maglumat we bildirişler uniwersitetiň https://iogu.edu.tm/faculties/48 web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.

    Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

    +99365575756 - Aşgabat şäheri boýunça jogapkär,

    +99365508732 - Arkadag şäheri boýunça jogapkär,

    +99365500252 - Ahal welaýaty boýunça jogapkär,

    +99365391714 - Balkan welaýaty boýunça jogapkär,

    +99361967796 - Daşoguz welaýaty boýunça jogapkär,

    +99361859815 - Lebap welaýaty boýunça jogapkär,

    +99364888814 - Mary welaýaty boýunça jogapkär.

    elektron poçta:  hngu.olimp@gmail.com