Halkara hyzmatdaşlyk

Halkara hyzmatdaşlyk

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň we halkara hyzmatdaşlyklarynyň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Döwletiň, jemgyýetiň sütüni ylymdan, bilimden bina edilende, döwletiň esasynyň berkden gurlup, hemmetaraplaýyn sazlaşykly gülläp ösüşe, ýokary derejä eýe bolýandygy döwletimiziň ýeten belent sepgitleri aýdyň görkezýär.

    Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň häzirki ösüş tapgyrynda dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň onuň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.

img

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti dünýäniň belli ylmy-inženerçilik merkezleri bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça işleri alyp barýar. Uniwersitetde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan hünärleriň bilim standarty, okuw meýilnamasy we okadylýan dersleriň okuw maksatnamalary dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribesi esasynda öwrenilip ýerine ýetirilýär. Uniwersitetde dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we ylmy merkezleriniň alymlary tarapyndan talyplara bilim bermek hem-de ylmy barlaglary alyp barmagyň döwrebap usullary öwredilýär.

    Täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmezden, ösüşi dowam etdirmek, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary derejelere ýetmek mümkin däl.

    Bu maksat bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýokary bilimli hünärmenleri, bakalawrlary we magistrleri taýýarlamak, dünýä bilim giňişligine işjeň goşulmak, dünýäniň köp ýurtlary, şol sanda ýewropa ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleri, halkara guramalary bilen ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.

    Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, halkara guramalary bilen baglaşylan şu aşakdaky Şertnamalar, Ylalaşyklar we Ähtnamalar hereket edýär:

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (Türkmenistan), “Türkmennebit” döwlet konserniniň we Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Şertnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Awstriýa Respublikasynyň Leoben dag-magdan uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Koreýa Respublikasynyň Inha uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň we “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Italiýanyň Turin Politehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen I.Karimow adyndaky Daşkent döwlet tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Ploýeştiň Nebit-gaz uniwersitetiniň (Rumyniýa) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen I.M.Gubkin adyndaky Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Belarus Respublikasynyň Ýefrosiniýa Poloskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Swikau Günbatarsakson ýokary okuw mekdebi-Amaly ylymlar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Belarus döwlet tehnologik uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek barada Şertnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin ş.) arasynda bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyk;

    - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Gruziýanyň tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2013-nji ýylyň 25-nji iýulynda Halkara uniwersitetler bileleşiginiň agzalygyna kabul edildi we Ýewropa Biznes-Assambleýasynyň Sokrat komiteti (Europe Business Assembly, Oxford, UK) tarapyndan “Ýewropa hili” halkara baýragy bilen sylaglandy.

img

      Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda, şeýle-de ylym we bilim ulgamynda gazanan uly üstünlikleri üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “SEIN Assosiasiýasynyň altyn medaly” halkara bäsleşiginiň altyn medalyna, onuň nyşanyna hem-de diplomyna mynasyp boldy.

img

     Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda uniwersitetde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýän THE (Times Higher Education) Bütindünýä reýting guramasy tarapyndan her ýylda geçirilýän «Impact Rankings 2022», «Impact Rankings 2023», «Impact Rankings 2024» hem-de «Impact Rankings 2025» («Täsir etmegiň reýtingi») atly reýting görkezijisi boýunça uniwersitet iki ýyl yzygiderli Bütindünýä uniwersitetleriň reýtinginiň sanawyna girizildi hem-de 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda THE (Times Higher Education) Bütindünýä reýting guramasy tarapyndan uniwersitetde alnyp barylýan ylmy-barlag we okuw-usuly işleriň netijeleri boýunça «World University Rankings 2023», «World University Rankings 2024», «World University Rankings 2025», Bütindünýä uniwersitetleriň reýtinginiň sanawyna habarçy agza hökmünde girizildi.

img

    Şeýle hem, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2023-nji ýylyň 3-nji martynda Aziýa Uniwersitetler Assosiasiýasynyň assosirlenen agzalygyna hem-de 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Tehniki Uniwersitetler Assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.

    2024-nji ýylda uniwersitet Ýewraziýa Uniwersitetler Assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi hem-de «Asia University Ranking 2024» atly reýting görkezijisi boýunça Bütindünýä uniwersitetleriň reýtinginiň sanawyna habarçy agza hökmünde girizildi.

img

    2023-nji ýylyň 1-2-nji oktýabry aralygynda Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin) 70 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Uglerod neýtrallygyna tarap: Bilim, Tehnologiýa we Zehin” atly halkara maslahata Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory hem-de wekili gatnaşdy. 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda ylym-bilim ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

    2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Liwiýanyň Türkmenistandaky ykdysady hyzmatdaşlyk býurosynyň ýolbaşçysy Mahmud A.Hasan bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda uniwersitet bilen Liwiýanyň nebitgaz ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň mümkinçilikleri boýunça birnäçe teklipler diňlenildi.

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň (Pekin ş.) arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde iş maslahaty geçirildi. Iş maslahatynda iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi.

img

    2023-nji ýylyň 8-11-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 28-nji mejlisine (COP28) hem-de ýel energiýasy taslama stendi bilen Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň baş binasynda gurnalan halkara sergisine uniwersitetiň 2 sany mugallymy we 2 sany talyby gatnaşdy. Serginiň dowamynda Daşky gurşawa metan zyňyndylaryny azaltmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, suw we azyk howpsuzlygyny gazanmak boýunça ýer ýüzünde alnyp barylýan işler bilen tanşyldy.

img

   Şeýle hem, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan her ýylda geçirilýän “UI Green Metric” Bütindünýä uniwersitetleriň ekologik reýtinginiň sanawyna girizildi.

img

    2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ylym-bilim ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek we uniwersitetde Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasyny döretmek maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde gol çekildi.

img

    “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, ylym-bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen: 2023-nji ýylda uniwersitetde «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» hem-de «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 2024-nji ýylda “Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty; 2024-nji ýylda II Açyk Halkara informatika olimpiadasy we “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi;

    2025-nji ýylda III Açyk Halkara informatika olimpiadasy hem-de “Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty ýokary guramaçylykly derejede geçirildi. Geçirilen halkara olimpiadalara we ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň, talyplarynyň we kompaniýalaryň wekilleriniň müňlerçesi işjeň gatnaşdylar.

img

    2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň, şol sanda Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky  toparyň gatnaşmagynda bolup geçdi. Bu ýagdaý iki ýurduň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini nobatdaky gezek subut etdi.

img

    2026-njy  ýylyň 16-njy aprelinde  Aşgabat şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyga dabaraly ýagdaýda gol çekildi. Bu Ylalaşyk diňe bir bilim ulgamynda däl, eýsem ylmy-tehnologik ösüşde hem uly mümkinçilikleri açyp, Türkmenistanyň nebitgaz we energetika pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolup hyzmat eder.

img

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina, 3-nji gat, 305-nji otag
  • Tel: (+99312) 39-14-47
  • Faks: (+99312) 39-14-00
  • E-mail: hakberdihoshdurdyyew@gmail.com
  • Web-saýt: iogu.edu.tm