Gidrogeologiýa we inžener geologiýasy kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Geologiýa fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň Gidrogeologiýa we inžener geologiýasy kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem-de taslama institutlary we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty üçin “Gidrogeologiýa we inžener geologiýasy” hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.
Gidrogeologiýa we inžener geologiýasy kafedrasy ýokary bilimli dag inženeri-gidrogeologlary goýberýär.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- Gidrogeohimiýa tejribehanasy;
- Teýgum öwreniş tejribehanasy;
- Teýgumlaryň mehanikasy tejribehanasy.