Kompressorlar we sowadyjy desgalar kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň Kompressorlar we sowadyjy desgalar kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de beýleki pudaklaýyn dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary”, “Gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary” hünärleri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.
“Gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary” hünäri boýunça Owganystanly talyplar hen bilim alýarlar.
Kafedra “Sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary” we “Gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary” hünärleri boýunça ýokary bilimli inžener-mehanikleri goýberýär.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- Sowadyjy, kompressorlar we nasos desgalary tejribehanasy;
- Sowadyjy desgalary awtomatlaşdyrmak we ulanmak tejribehanasy;
- Ýylylyk tehnikasy we energiýanyň adaty däl çeşmeleri tejribehanasy;
- Ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howaçalşygy tejribehanasy.