Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň gurluş bölümleriniň biridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olara edep-terbiýe bermek, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy öwretmek, adam-jemgyýet, jemgyýet-tebigat gatnaşyklaryny düşündirmek, halkymyza, Watanymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly, watansöýüji, päk ahlakly, giň dünýä garaýyşly kämil şahsyýeti kemala getirmek kafedranyň esasy wezipesi bolup durýar.
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professor-mugallymlary uniwersitetiň ähli fakultetleriniň hünärmenleri, bakalawrlary we magistrleri üçin “Filosofiýa”, “Sosiologiýa”, “Syýasaty öwreniş”, “Ykdysady nazaryýet”, “Türkmenistanyň taryhy”, “Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary”, “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” okuw dersleri boýunça umumy we söhbet sapaklaryny geçýärler.
Jemgyýetçilik ylymlarynyň täze nazaryýet we usulyýet esaslaryndan ugur alyp, kafedranyň mugallymlary ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgerişleri ylmy taýdan esaslandyrmak işine hem işjeň gatnaşýarlar.
Kafedranyň professor-mugallymlary Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny, ösüş arkaly parahatçylygy gazanmaklyga goşýan goşandyny, şeýle hem Türkmenistan dadurmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasynda görkezilen wezipeleri wagyz etmek boýunça uniwersitetiň mugallymlary we talyp ýaşlary üçin ylmy seminarlary yzygiderli geçirýärler.