Ýokary matematika kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag, inžener-tehniki hünär alýan talyplara ýokary matematikanyň esasy bölümlerini öwretmekden ybaratdyr.
Ýokary matematika kafedrasynyň professor-mugallymlary uniwersitetiň ähli fakultetleriniň talyplaryna matematika derslerinden umumy, amaly we tejribe okuw sapaklary boýunça bilim berýärler. Bu bolsa ylmy-barlag we taslama işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmekde uly ýardam bermek bilen, hünärmenleriň inžener-tehniki taýýarlygynda esasy orna eýedir.
Ýokary matematika kafedrasynda yzygiderli okuw-usuly we ylmy seminarlar geçirilýär. Kafedranyň professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda zehinli talyp ýaşlar Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dersler boýunça geçirilýän bäsleşiklere, şeýle hem döwlet we halkara derejesinde geçirilýän halkara açyk internet olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Kafedra uniwersitetiň talyp ýaşlaryna matematika dersleri boýunça döwrüň talabyna laýyklykda bilim bermek üçin umumy, amaly we tejribe okuw otaglary, şeýle hem häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edilendir.