Ýokary matematika kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň gurluş bölümleriniň biridir.

      Kafedranyň  esasy  wezipesi  okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag,  inžener-tehniki  hünär  alýan  talyplara  ýokary  matematikanyň esasy bölümlerini  öwretmekden  ybaratdyr.

      Ýokary  matematika  kafedrasynyň  professor-mugallymlary uniwersitetiň  ähli  fakultetleriniň  talyplaryna  matematika  derslerinden umumy,  amaly  we  tejribe  okuw  sapaklary  boýunça  bilim  berýärler. Bu  bolsa  ylmy-barlag  we taslama  işlerini  talabalaýyk ýerine ýetirmekde  uly  ýardam  bermek  bilen, hünärmenleriň  inžener-tehniki  taýýarlygynda  esasy  orna  eýedir.

      Ýokary  matematika  kafedrasynda  yzygiderli  okuw-usuly  we  ylmy  seminarlar  geçirilýär. Kafedranyň professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda   zehinli   talyp  ýaşlar  Türkmenistanyň  ýokary   okuw   mekdepleriniň  talyplarynyň   arasynda   dersler  boýunça  geçirilýän   bäsleşiklere, şeýle  hem  döwlet  we  halkara  derejesinde  geçirilýän  halkara  açyk  internet  olimpiadalaryna  işjeň  gatnaşyp, baýrakly orunlara  mynasyp  bolýarlar.

      Kafedra  uniwersitetiň  talyp  ýaşlaryna  matematika  dersleri  boýunça  döwrüň  talabyna  laýyklykda  bilim  bermek  üçin    umumy,  amaly we tejribe  okuw  otaglary,   şeýle  hem häzirki  zaman  kompýuter  enjamlary bilen üpjün   edilendir.

img