Nebitsenagat enjamlary kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Balkanabat bölüminiň Nebitsenagaty fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň Nebitsenagaty fakultetiniň Nebitsenagat enjamlary kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak”, “Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak” hünärleri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.
Kafedra “Nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak” hünäri boýunça ýokary bilimli dag inženerlerini we “Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak” hünäri boýunça ýokary bilimli inžener-mehanikleri goýberýär.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- Nebit-gaz çykarmagyň, taýýarlamagyň, ugratmagyň tehnikasy we tehnologiýasy tejribehanasy;
- “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynda Nebitgaz we himiýa tehnologiýasy binýatlyk kafedrasy.