Nebit we gaz  guýularyny  burawlamak  kafedrasy 2012-nji  ýylda   döredildi.  Kafedra  Balkanabat   bölüminiň  Nebitsenagaty  fakultetiniň düzüm  bölegi  bolmak  bilen,  uniwersitetiň  möhüm  gurluş  bölümleriniň   biridir.

        Kafedranyň  esasy  wezipesi  okuw-terbiýeçilik,  ylmy-barlag   we  taslama  işlerini  döwrüň  talabyna  laýyklykda  guramak  we  ýola  goýmak  bolup   durýar.

     Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň   Balkanabat  bölüminiň  Nebitsenagaty  fakultetiniň  Nebit  we  gaz guýularyny burawlamak   kafedrasynda  Türkmenistanyň  Nebitgaz   toplumynyň  “Türkmengaz”  döwlet   konserni,  “Türkmennebit”  döwlet   konserni, “Türkmengeologiýa”   döwlet  korporasiýasy hem-de  dolandyryş müdirlikleri  we  edara-kärhanalary  üçin “Nebit we gaz   guýularyny   burawlamak”  hünäri  boýunça  ýokary  bilimli  hünärmenler  taýýarlanylýar.         

         Kafedra “Nebit  we  gaz  guýularyny  burawlamak”  hünäri  boýunça ýokary bilimli dag inženerlerini goýberýär.

         Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:

       - 1  sany  ýöriteleşdirilen okuw otagy;

      - 1 sany kompýuter otagy;

       - Buraw erginleri we tamponaž kompozisiýalary   tejribehanasy;

     - “Türkmennebit”  döwlet  konserniniň  “Nebitgazylmytaslama”  institutynda Nebitgaz  we himiýa tehnologiýasy binýatlyk kafedrasy.

img