Nebit we gaz guýularyny burawlamak kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Balkanabat bölüminiň Nebitsenagaty fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň Nebitsenagaty fakultetiniň Nebit we gaz guýularyny burawlamak kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Nebit we gaz guýularyny burawlamak” hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.
Kafedra “Nebit we gaz guýularyny burawlamak” hünäri boýunça ýokary bilimli dag inženerlerini goýberýär.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- 1 sany ýöriteleşdirilen okuw otagy;
- 1 sany kompýuter otagy;
- Buraw erginleri we tamponaž kompozisiýalary tejribehanasy;
- “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynda Nebitgaz we himiýa tehnologiýasy binýatlyk kafedrasy.