img

     Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  Ykdysadyýet  we  dolandyryş  fakulteti  2012-nji  ýylda  döredildi.

     Fakultetde  Nebit  we  gaz  pudagynyň  ykdysadyýeti  we  dolandyrylyşy,  Ýokary matematika we Bedenterbiýe kafedralary hereket  edýär. Fakultetde “Ykdysadyýet  we dolandyryş (nebitgaz   pudagynda)” hünäri   boýunça   ýokary  bilimli  inžener-ykdysatçylar  hem-de “Ykdysadyýet  we  dolandyryş  (nebitgaz pudagynda)”, “Logistika (nebitgaz pudagynda)”, “Işgärleri  dolandyryş  (nebitgaz  pudagynda)” taýýarlyk  ugurlary  boýunça  bakalawrlar  goýberilýär.

     Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra Türkmenistanyň  nebitgaz  toplumynyň “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet  konsernlerinde,“Türkmengeologiýa” döwlet  korporasiýasynda, ykdysady-maliýe  ulgamynda  hem-de  pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýärler.

     “Türkmenistanda  sanly  ykdysadyýeti  ösdürmegiň  2021–2025-nji  ýyllar  üçin  Döwlet  maksatnamasynda” milli  ykdysadyýetimizi  diwersifikasiýa  ýoly bilen  ösdürmek, onuň  bäsdeşlige  ukyplylygyny  ýokarlandyrmak  we  ösüşiň  senagat-innowasiýa  ugruna yzygiderli  geçmek  arkaly  ýurdumyzda  orta  we  uzak  möhletli  geljek  üçin  sanly  ykdysadyýeti  ösdürmegiň  esasy  ýörelgeleri  we  usullary alnyp barylýar.

     Sagdyn durmuş  ýörelgesine eýermek we sporty  ösdürmek  maksady bilen, fakultetiň  talyp  türgenleriniň  dünýä çempionatlaryna we kubogy almak ugrundaky ýaryşlara, Aziýa çempionatlaryna we beýleki  halkara sport ýaryşlaryna  gatnaşmaklary üçin degişli şertler döredilýär.

     Ykdysadyýet we dolandyryş  fakultetiniň okuw binasynyň  okuw  otaglary  häzirki  zaman  enjamlary  bilen  enjamlaşdyrylan. Fakultetde Ykdysady-matematiki  modelirleme  we  ykdysady maglumatlary işläp taýýarlamagyň  awtomatlaşdyrylyşy tejribehanasy, diplom we  ýyllyk taslamalaryny ýerine ýetirmek  üçin  aýratyn otaglar, lingafon we kompýuter otaglary bar.

     Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetinde  Hormatly Prezidentimiziň  içeri  we  daşary syýasatyny, Gahryman  Arkadagymyzyň  eserlerini  öwrenýän, şeýle hem multimedia enjamlary arkaly ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, ykdysadyýetiniň ösüşlerini  öwrenýän  ýaş  ykdysadyýetçiler, ýaş matematikaçy we el  işleri  boýunça gurnaklar hem-de ylmy gurnaklar hereket  edýär.

     Fakultetiň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp  barýan ylmy-barlag  işleriniň  netijeleri  tezisler we makalalar görnüşinde ýerli  hem-de  daşary ýurt žurnallarynda çap edilýär.

     Şeýle hem, fakultetiň  professor-mugallymlary we talyp  ýaşlary  halkara  we  döwlet  derejesinde  geçirilýän  çarelere  işjeň  gatnaşýarlar.