Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş fakulteti 2012-nji ýylda döredildi.
Fakultetde Nebit we gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, Ýokary matematika we Bedenterbiýe kafedralary hereket edýär. Fakultetde “Ykdysadyýet we dolandyryş (nebitgaz pudagynda)” hünäri boýunça ýokary bilimli inžener-ykdysatçylar hem-de “Ykdysadyýet we dolandyryş (nebitgaz pudagynda)”, “Logistika (nebitgaz pudagynda)”, “Işgärleri dolandyryş (nebitgaz pudagynda)” taýýarlyk ugurlary boýunça bakalawrlar goýberilýär.
Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernlerinde,“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynda, ykdysady-maliýe ulgamynda hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýärler.
“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we ösüşiň senagat-innowasiýa ugruna yzygiderli geçmek arkaly ýurdumyzda orta we uzak möhletli geljek üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ýörelgeleri we usullary alnyp barylýar.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek we sporty ösdürmek maksady bilen, fakultetiň talyp türgenleriniň dünýä çempionatlaryna we kubogy almak ugrundaky ýaryşlara, Aziýa çempionatlaryna we beýleki halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin degişli şertler döredilýär.
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň okuw binasynyň okuw otaglary häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Fakultetde Ykdysady-matematiki modelirleme we ykdysady maglumatlary işläp taýýarlamagyň awtomatlaşdyrylyşy tejribehanasy, diplom we ýyllyk taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin aýratyn otaglar, lingafon we kompýuter otaglary bar.
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetinde Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini öwrenýän, şeýle hem multimedia enjamlary arkaly ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, ykdysadyýetiniň ösüşlerini öwrenýän ýaş ykdysadyýetçiler, ýaş matematikaçy we el işleri boýunça gurnaklar hem-de ylmy gurnaklar hereket edýär.
Fakultetiň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri tezisler we makalalar görnüşinde ýerli hem-de daşary ýurt žurnallarynda çap edilýär.
Şeýle hem, fakultetiň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary halkara we döwlet derejesinde geçirilýän çarelere işjeň gatnaşýarlar.