Новости

img

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETINDE 8-NJI MART HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI PUL SOWGATLARYNY GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI

05 марта 2026

    2026-njy ýylyň 5-nji martda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde mugallymlara we talyp gyzlara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 5-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi boldy. Dabaranyň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlaryna hem-de talyp gyzlaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaraly çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň has-da ýokarlanýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

    Döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti