TÄZELIKLER

img

Himiýa we gazhimiýa senagatlarynyň innowasion ösüşine bagyşlanan onlaýn halkara ylmy-amaly maslahat

13 Noýabr 2024

    Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda hem-de Hormatly Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek, zehinli talyplary ylma çekmek we ylmy derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak babatda yzygiderli işler alnyp barylýar.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi” atly sanly ulgam arkaly Halkara ylmy-amaly maslahaty guramaçylykly ýokary derejede geçirildi.

img

    Halkara ylmy-amaly onlaýn maslahatyň işi umumy mejlisde we 3 bölümde ýagny, “Himiýa senagatynyň ösüş ugurlary”, “Gazhimiýa senagatynda innowasion tehnologiýalar” we “Himiýa we gazhimiýa senagatlarynyň ykdysady we ekologiki meseleleri” atly bölümlerde geçirildi.

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly ulgam arkaly geçirilen bu ylmy-amaly maslahata 18 döwletden, ýagny Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Katar döwletiniň, Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Ermenistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň jemi 34 sany daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden professor-mugallymlar, alymlar, aspirantlar we talyp ýaşlar, şeýle hem “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd”, “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd.”, “Eni Türkmenistan Limited” kompaniýalaryň, Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) hünärmenleri we ýurdumyzyň 9 sany edara-kärhanalarynyň, zawodlarynyň hünärmenleri işjeň gatnaşdylar.

    Halkara ylmy-amaly maslahatyny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory açdy we gutlag sözi bilen çykyş etdi.

    Halkara ylmy-amaly maslahatynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, kompaniýalarynyň hünärmenleriniň 90-dan gowrak ylmy çykyşlary diňlenildi, şeýle hem, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň rektory we prorektory sanly ulgam arkaly ähli gatnaşyjylara we talyp ýaşlara üstünlikleri arzuw edip, halkara maslahatyň ýokary taýýarlygyny we guramaçylygyny aýratyn bellediler.

    Maslahatyň çäginde onlaýn çykyşlardan soňra Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjy Malaýziýanyň “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň esasy inžener-tehnology Iskandar Zakaria çykyş edip, talyplary, professor-mugallymlary, hünärmenleri kompaniýada alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen tanyşdyrdy.

    Soňra Halkara ylmy-amaly maslahatda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, kompaniýalaryň we edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, professor-mugallymlary we talyp ýaşlary öz ylmy işleri bilen çykyş etdiler we sorag-jogap alyşdylar.

    Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde uniwersitetde “Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” Türkmen tarapyndan hem-de “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy tarapyndan gol çekmek dabarasy geçirildi.

img

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň we “Petronas” kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Tehnologik uniwersitetiň professor-mugallymlary tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we ýaş mugallymlary üçin nebitgaz pudagynda ulanylýan innowasion tehnologiýalar we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça yzygiderli onlaýn okuwlar gurnalýar. Häzirki wagtda Tehnologik uniwersitetiň 4 sany professory uniwersitetde mugallymlar we talyp ýaşlar üçin dürli temalar boýunça bir hepdelik umumy okuw sapaklaryny geçýärler.

    Gol çekilen Ähtnamanyň esasynda nebitgaz, geologiýa-gözleg, himiki tehnologiýa, sanly ykdysadyýet ugurlary bilen bir hatarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ýaşyl energetika, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologik meseleler boýunça bilelikde ylmy-barlag, taslama işlerini ýerine ýetirmegiň gerimini giňeltmek we ösdürmek, profesor-mugallymlaryň, hünärmenleriň we ýaş alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijelerini halkara indekslenýän ylmy žurnallarda bilelikde çap etmek göz öňünde tutulýar.

    Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, professor-mugallymlarynyň Himiýa, gazhimiýa senagatynyň ösüş ugurlary, senagatda innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamynyň ornaşdyrylyşy, ykdysadyýeti ösdürmek, ekologiýa meseleleri bilen bagly we beýleki ylmy temalar boýunça çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

    «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar şeýle uly üstünlikleriň, öňdengörüjilikli özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Prezidentimize alkyşlaryny aýtdylar we olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.