Dalaşgär 2023

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE  GAZ UNIWERSITETI

2023/2024-nji okuw ýyly üçin  aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlyk ugurlary (bakalawr  maksatnamasy) boýunça talyplyga  kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy:

      1.    Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (hünärler: nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak; nebit  we gaz guýularyny burawlamak; nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan  ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geologiýasy; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; geologiki kartalaşdyrma we magdan  ýataklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki  usullary; markşeýder işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak).

      2.   Himiýa tehnologiýalary (hünär: nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy).

      3.   Tehnosfera howpsuzlygy we  tebigaty  abadanlaşdyryş (hünär: daşky  gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak).

      4.   Maşyngurluşyk (hünär: sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary).

      5.   Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünär: nebit-gaz desgalary we  senagat gurluşygy).

      6.   Elektrik we ýylylyk energetikasy (hünärler: senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem­-de awtomatikasy; gazturbina   desgalary we gazkompressor stansiýalary).

II. Bakalawr maksatnamasy:

      1.    Amaly  geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: dag  işi).

      2.    Tehniki ulgamlarda dolandyryş (taýýarlygyň ugry: standartlaşdyrmak we metrologiýa).

      3.    Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň   ugry: maglumat ulgamlary we  tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi (nebitgaz pudagynda)).

      4.    Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat  howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda))

      5.    Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: tehnologiki maşynlar we enjamlar).

      6.    Elektrik   we  ýylylyk   energetikasy   (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika).

      7.    Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; işgärleri dolandyrmak).

III. Bakalawr maksatnamasy (okuwlar  iňlis dilinde alnyp barlar):

      1.    Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugurlary: nebitgaz işi; gazylyp  alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi).

      2.    Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy (nebitgaz pudagynda)).

      3.    Informatikawe hasaplaýyş tehnikasy(taýýarlygyň   ugry: programma inženerçiligi).

      4.    Ykdysadyýetwe dolandyryş (taýýarlygyň ugry: logistika (nebitgaz pudagynda)).

      Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

     Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda  bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

     Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 - 30-njy iýuly aralygynda kabul  edilýär.

     Resmiiş kagyzlarynyň sanawy:

     —bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

     —bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

     —bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

     —Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan  bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

     —soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

     — 3x4 sm  ölçegdäki sekiz sany foto  surat;

     — işleýänler  üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

     — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara  bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary  tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

      Bulardan  başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalarbilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärlerwe nusgalaryny tabşyrýarlar:

     — şahsy pasportyny;

     — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeriboýunça harby wekillikden güwähatyny.

     Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçinartykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezipbiler.

     Nädogry berlen maglumatlar we galp resmiiş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

     Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde  geçirilýär:

     Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri;

     Ahal welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 8-i günleri;

     Mary welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 11-i we 13-i günleri;

     Lebap welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 12-si we 14-i günleri;

     Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 17-si we 19-y günleri;

     Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 18-i we 20-si günleri.

     Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

     hünärler: nebit-gazkänlerini özleşdirmek we ulanmak; nebitwe gaz guýularyny burawlamak; nebitgazgeçirijilerini  we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geologiýasy; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; geologiki kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň  geofiziki usullary; markşeýder işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary  baýlaşdyrmak; sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary; nebitgaz desgalary  we senagat gurluşygy; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň  elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; gazturbina desgalary we  gazkompressor stansiýalary; taýýarlygyň ugurlary: dag işi; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi (nebitgaz pudagynda); maglumat  howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda); tehnologiki maşynlar we enjamlar;elektroenergetika we elektrotehnika; nebitgaz  pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; işgärleri dolandyrmak — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

      hünärler: nebiti we gazy gaýtadan  işlemegiň himiki tehnologiýasy; daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary  tygşytly peýdalanmak; taýýarlygyň ugry: standartlaşdyrmak we metrologiýa himiýa, matematika, Türkmenistanyň  taryhy;

taýýarlygyň ugurlary (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar): nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly  magdanlaryň geologiýasy we gözlegi; programma inženerçiligi; logistika (nebitgaz pudagynda) — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

      taýýarlygyň ugry: himiýa  tehnologiýasy (nebitgaz pudagynda) — iňlisdili, himiýa, Türkmenistanyň taryhy.

      Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

      Degişlidil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş  synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

      Taýýarlygyň ugurlary (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) boýunça giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärler okuw işini geçirmek üçin ýeterlik derejede iňlis dilini bilşini barlamak maksady bilen test  tabşyrýarlar. Iňlis dilini erkin bilýän  dalaşgärler 1-nji okuw ýylyna kabul edilýär. Iňlis dilini erkin bilmeýän  dalaşgärler bir okuw ýylynyň dowamynda dil taýýarlygy okuwyny goşmaça geçýärler,okuwlaryň jemleri boýunça oňyn bahanyň alynmagy olara saýlap alan taýýarlygynyň  ugry boýunça 1-nji okuw ýylynda okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

      Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça  synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

      Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we  talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda ”Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýykgelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

      Ýagşygeldi Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit we  gaz  uniwersitetiniň  salgysy: Aşgabat ş.,Arçabil şaýoly, 8, tel.: 39-13-74, 39-13-70.

ÝAŞLARY  HÜNÄRE  UGRUKDYRMAK  BÖLÜMI

Sorag-jogap bölümi:

E-mail: ag.chariyev@gmail.com

Tel.: (+99312) 39-13-18