Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda çykaran Permany bilen Türkmen politehniki instituty ýapylyp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti döredildi.
2023-nji ýylda uiwersiteti 23 hünär we 5 ugur boýunça Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş kärhanalary bolan “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmennebitönümleri” baş müdirligi, Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň toplumlary, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy we beýleki döwlet edara-kärhanalary üçin ýokary bilimli bakalawrlary, hünärmenleri we magistrleri taýýarlaýar we goýberýär.
Täze döredilen uniwersitet tarapyndan hünärmenleriň ilkinji goýberilişi 2017-nji ýylda amala aşyryldy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uçurymlary Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş kärhanalarynda üstünlikli zähmet çekýärler, özlerini döredijilikli zehinli hünärmenler we gowy guramaçylar hökmünde görkezýärler, taslama guramalarynda, dolandyryş edaralarynda (şäherleriň, welaýatlaryň, etraplaryň), ylmy we ylmy-taslama institutlarynda, şeýle hem ýokary okuw we orta hünär mekdeplerinde, mugallymçylyk işlerinde özlerini gowy görkezmek bilen bir hatarda,Türkmenistanyň döwlet kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetlerinde jogapkär wezipeleri ýerine ýetirýärler.
Uniwersitetiň uçurymlarynyň işi nebit we gaz känlerini gözlemäge, burawlamaga, özleşdirmäge, taslamaga, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, inženerçilik dolandyryş hyzmatlaryny ösdürmäge ugrukdyrylandyr.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini tamamlan uçurymlar barada
MAGLUMAT
Ýyllar boýunça uniwersiteti tamamlan uçurymlaryň sany:
Ýyl | 2017 | 2018 | 2019 | 2020 | 2021 | 2022 | 2023 |
Uçurymlaryň jemi sany | 462 | 403 | 416 | 431 | 473 | 599 | 819 |