Uniwersitet barada

Uniwersitet barada

      Türkmen  politehniki  instituty öz gözbaşyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet  uniwersitetiniň  öňki tehniki  fakultetinden alyp gaýdýar. 1955-nji ýylda tehniki  fakultetde “Inžener-geologiýa” hünäri,  şeýle hem  “Senagat we raýat jaý gurluşygy”,“Suw üpjünçiligi we  hapalanan  suwlary  akdyrmak”  hünärleri  boýunça  ýokary  bilimli  inženerler  taýýarlanyp  başlanýar. 1960-njy ýylda tehniki fakulteti  bilen bir hatarda  ýene täze 3 sany fakultet,  ýagny “Nebitçilik”, “Inžener-gurluşykçy” we “Mehanika-energetiki”  fakultetleri döredilýär. Türkmen  politehniki  instituty Türkmenistanyň  Kommunistik  partiýasynyň  Merkezi Komitetiniň we Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň  Ministrler  Sowetiniň 1963-nji  ýylyň 14-nji iýunynda çykaran Kararyna laýyklykda 1963-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda döredilýär. Institutyň düzüminde 4 fakultet we  26 kafedra hereket edipdir.

img

     Türkmen  döwlet  nebit  we  gaz  instituty  2012-nji  ýylyň  25-nji  maýynda  Türkmenistanyň  Prezidentiniň  Permany  esasynda döredildi.Türkmenistanyň  Prezidentiniň  2013-nji  ýylyň  9-njy  awgustyndaky  Permany  bilen  Türkmen  döwlet  nebit  we  gaz institutyna  halkara  uniwersitet  derejesi  berildi  we  Halkara  nebit  we  gaz  uniwersiteti  diýlip  atlandyryldy. 2021-nji  ýylyň  12-nji fewralynda  Türkmenistanyň  Mejlisiniň  Kararyna  laýyklykda  Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetine  Ýagşygeldi  Kakaýewiň  adyndakyldy  we  uniwersitet  Ýagşygeldi  Kakaýew adyndaky Halkara  nebit we gaz uniwersiteti (HNGU) diýlip atlandyryldy.

      HNGU  Nebitgaz  toplumynyň  ministrlikleri  we  pudaklaýyn  dolandyryş  edaralary  üçin  ýokary  derejeli  hünärmenleri, bakalawrlary  we  magistrleri  taýýarlaýar. HNGU-da  ýokary  derejeli  hünärmenleri  taýýarlamak,  ylma  ugrukdyrmak  işleri Türkmenistanyň  Ylymlar  akademiýasynyň  ylmy-barlag  institutlary,  Nebitgaz  pudagynyň  önümçilik  kärhanalary  we “Türkmengaz” döwlet  konserniniň  Ylmy-barlag  tebigy  gaz  instituty  bilen  sazlaşykly  utgaşdyrmak  arkaly  amala  aşyrylýar.

     HNGU-nyň  düzümine  Innowasiýa  ylmy-okuw  merkezi, Kompýuter  hasaplaýyş  merkezi, Ylmy-barlag  we  okuw  merkezi, Wodorod  energetikasy  merkezi,  häzirki  zaman  enjamlary,  wideoproýektorlar,  interaktiw  tagtalar  bilen  enjamlaşdyrylan  86 sany okuw-tejribehanalar,  lingafon  otaglary, 5  sany okuw  binasy, 2 sany muzeý, sergiler zaly, 6 sany umumy  ýaşaýyşjaýy, naharhana, dükan we  sport toplumy girýär.

      Uniwersitetiň  kompýuterlerinde  Adobe  Photoshop,  Corel Draw, AutoCAD,  Embarcadero Delphi, VisualC, Adobe Flash, Microsoft  SQL  Server  ýaly  programma  üpjünçilikleri  ornaşdyrylan.

     HNGU-nyň  sanly  bilim  ulgamyna  sanly  bilim  portaly  we  elektron  resminama  dolanyşygy  ornaşdyrylan,  internet  ulgamynda resmi  web-saýty  döredilen. Häzirki  wagtda  uniwersitetde  7  fakultet  we  hünär  derejesini  ýokarlandyryş  fakulteti,  31  kafedra hereket  edýär. Uniwersitetde  6000-den  gowrak  talyp  10 ugur we  23 hünär, 14 bakalawr we 2 magistr  taýýarlyk ugurlary boýunça döwrebap  bilim-terbiýe  alýar. Uniwersitetiň  kafedralarynda  professor-mugallymlaryň  500-e  golaýy  zähmet  çekýär, olaryň  5-si ylymlaryň  doktory  we  28-si  ylymlaryň  kandidaty.Uniwersitetiň  aspiranturasynda  17  sany  aspirantlar  we  alymlyk  derejesine dalaşgärler  nebitgaz  toplumynyň  wajyp  meselelerini  çözmeklige  gönükdirilen  ylmy-barlag  we  taslama  işlerini alyp barýarlar.

img

     “Türkmenistanda  sanly  bilim  ulgamyny  ösdürmegiň  Konsepsiýasyna”  esaslanyp,  uniwersitet  10  ugur  boýunça  hünärmenleri, bakalawrlary  we  magistrleri taýýarlaýar:  “Amaly geologiýa,  dag işleri,  nebitgaz  işi  we  geodeziýa”, “Himiýa  tehnologiýalary”, “Tehnosfera  howpsuzlygy we  tebigy  abadanlaşdyryş”, “Tehniki ulgamlarda dolandyryş”,  “Informatika  we  hasaplaýyş  tehnikasy”, “Maglumat  howpsuzlygy”,  “Maşyngurluşyk”,  “Gurluşygyň  tehnikasy  we tehnologiýalary”, “Elektro  we  ýylylyk  energetikasy”, “Ykdysadyýet  we  dolandyryş”.

      Türkmenistanyň  Prezidentiniň  Karary  bilen  tassyklanan  “Türkmenistanda  sanly  bilim  ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” we  ony  durmuşa  geçirmegiň  meýilnamasyna  laýyklykda  uniwersitetde  içki  lokal  tory  döredildi. Onuň esasynda  uniwersitetiň sanly  bilim  portaly  döredilip,  bellenilen  formatlar  boýunça  elektron  resminamalar,  elektron  okuw  kitaplary,  gollanmalar  we professor-mugallymlaryň  tanyşdyryşlary,  görkezme  esbaplary,  umumy  okuw,  amaly  we  tejribe  sapaklarynyň  audio  we  wideo ýazgylary,  Nebitgaz  toplumynyň  ministrlikleriniň  we  pudaklaýyn  dolandyryş  edaralarynyň  önümçiligini  açyp  görkezýän wideorolikler  ýerleşdirilen. Uniwersitetiň  maddy-enjamlaýyn  binýady  yzygiderli  pugtalandyrylýar  we  ýokary  hünär  derejeli professor-mugallymlaryň  ýokary  hilli  we  döwrüň  talabyna  laýyklykda  bilim  bermek  mümkinçilikleri  artýar.

     HNGU-nyň  talyp  ýaşlary  her  ýyl  uniwersitetde  we  Nebitgaz  toplumynyň  ministrliklerinde  we  pudaklaýyn  dolandyryş kärhanalarynda  okuw-tanyşlyk,  taslama,  tejribe-konstruktorçylyk,  önümçilik  we  diplomyň  öň  ýanyndaky  tejribeliklerini geçýärler. Ylmy-barlag,  taslama,  tejribe-konstruktorçylyk  işlerini  bilelikde  alyp  barmak  maksady  bilen,  Türkmenistanyň  Ylymlar akademiýasynda,  Türkmenistanyň  Ministrliklerinde  we  pudaklaýyn  dolandyryş  edaralarynda  HNGU-nyň  binýatlyk  kafedralary hereket  edýär.

img

     HNGU  2013-nji  ýylyň  25-nji iýulynda Halkara  uniwersitetler  bileleşiginiň  agzalygyna  kabul  edilip, Ýewropa  Biznes Assambleýasynyň Sokrat  komiteti (Europe Business Assembly, Oxford, UK) tarapyndan “Ýewropa hili”  halkara baýragy bilen sylaglandy. Bu gurama 1950-nji ýylda esaslandyrylyp, uniwersitetleriň  630-syny özünde jemleýän ÝUNESKO-nyň Pariždäki binasynda ýerleşýär. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda, şeýle hem ylym-bilim ulgamynda gazanan uly üstünlikleriüçin HNGU “SEIN Assosiasiýasynyň altyn medaly” halkara bäsleşiginiň altyn medalyna, onuň nyşanyna hem-de diplomyna mynasyp boldy.

     Hormatly Prezidentimiziň  tagallasy bilen ýurdumyzda döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, milli bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, çalt depginler bilen  ösýän sanly ykdysadyýetiň zerurlyklary nazara alnyp, täze hünär okuwlary girizilýär, okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar, bilim bermegiň innowasion  usullary okuw işine ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri  tarapyndan  dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk  has-da ýaýbaňlandyrylýar.

     Türkmenistanyň Prezidenti  bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, 2024-nji ýyla  çenli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň  sanawyna girizmek wezipesini öňde goýdy. Bu wezipeden ugur alnyp, geçirilmeli çäreleriň  meýilnamasyna laýyklykda, HNGU 2022-nji ýylda  Beýik Britaniýanyň belli THE (Times Higher Education – Bütin dünýä reýting guramasy) tarapyndan her ýylda geçirilýän  World  University Ranking  Bütindünýä uniwersitetleriň reýtinginiň taslamasynyň  çäginde  Impact Ranking-2022  (Täsir etmegiň reýtingi) atly reýtingiň sanawyna girizildi.

img

     “Türkmenistanda himiýa  ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we ony durmuşa geçirmegiň  Meýilnamasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 4-nji maýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary  ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň  talyplarynyň gatnaşmagynda HNGU-da Himiýadersi boýunça halkara internet olimpiadasy ýokary derejede geçirildi. Olimpiada17 sany döwletden jemi 300-den gowrak talyp gatnaşdy. Olimpiadanyň ýeňijileri 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen  sylaglanyldy.

     Uniwersitetiň zehinli talyp ýaşlary her ýylda döwlet we halkara derejesinde dürli okuw dersleri  boýunça geçirilýän olimpiadalara yzygiderli  gatnaşyp, diplomlara we medallara  mynasyp bolýarlar.

img

     HNGU  Britaniýanyň  London şäherinde ýerleşýän THE (Times Higher Education) belli Bütindünýä  reýting  guramasy tarapyndan World University  Rankings-2023  Bütindünýä uniwersitetleriň reýtinginiňsanawyna “Habarçy agza” hökmünde girizildi.

     Türkmenistanyň Prezidentiniň  2022-nji  ýylyň  28-nji  ýanwarynda  çykaran  2581-nji  Karary bilen  tassyklanan“Türkmenistanyň wodorod  energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny  ösdürmek  boýunça  2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyndan” gelip çykýan wezipeleri  durmuşa  geçirmek maksady bilen, “Arkadag  Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan  edilen 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara  nebit we gaz uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda sanly wideo aragatnaşyk  arkaly “Tebigy gazdan  wodorod  energiýasyny almagyň ylmy-tehniki  mümkinçilikleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.  Oňa daşary ýurtlaryň  halkara  guramalarynyň, ugurdaş  ýokary okuw mekdepleriniň,  ýurdumyzyň ministrlikleriniň,  pudaklaýyn  dolandyryş edaralarynyň  wekilleri, şeýle hem belli alymlar, ýokary okuw  mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary hem-de dünýäniň 20-den gowrak  ýurdunyň  ylym-bilim ulgamynyň 100-e golaý  hünärmenleri gatnaşdylar. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün-tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, wodorod energiýasyny işläp taýýarlamak we ösdürmek ýaly meseleler girizildi.

     HNGU 2023-nji  ýylyň fewral aýynda  Aziýa Uniwersitetler Assosiasiýasynyň assosirlenen agzalygyna kabul edildi. Bu derejäniň HNGU-a  Aziýa  Uniwersitetler  Assosiasiýasynyň  geçirýänähli  çärelerine gatnaşmaga  hukuk berýändigi we uniwersitetiň 2024-nji ýylda Assosiasiýanyň indiki  Gurultaýynda dabaraly ýagdaýda  bu  birleşigiň  doly hukukly agzasy bolup biljekdigibarada habar berildi.

img

     Uniwersitetiň  talyp türgenleri  ýurdumyzda we daşary  ýurtlarda  geçirilýän  döwlet hem-de  halkara derejesindäki sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanyp  baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

img

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina
  • Tel: (+99312) 39-13-00
  • Faks: (+99312) 39-14-00
  • E-mail: iuog@online.tm
  • Web-saýt: iogu.edu.tm