Uniwersitetiň sportda gazanan üstünlikleri
Uniwesitetiň sportda gazanan üstünlikleri
Türkmenistanda ýokary derejeli sport we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketiniň ösmegi, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giňişleýin çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň üns merkezinde saklanýar.
Soňky ýyllarda türkmen sportynyň dünýä arenasyndaky abraýy barha artýar. Döwlet edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriň bazasynda dürli sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Milli sportuň çalt ösmeginde, döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan sport toplumlarynyň bolmagy we ýokary tälimçilik potensialy ýaly faktorlar aýgytly rol oýnaýar.
Uniwersitetde ähli halkara sport standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän ýapyk Sport toplumy hereket edýär. Toplumda 213 tomaşaça niýetlenen suwda ýüzmek üçin howdany, 213 tomaşaçy orunlyk sportuň dürli görnüşleri üçin niýetlenen zallar (tennis, kiçi futbol, basketbol, woleýbol, gandbol zaly), trenažor enjamlary bilen enjamlaşdyrylan otag, göreş we boks oýunlary üçin meýdançalar hem-de gimnastika bilen meşgullanmak üçin ýöriteleşdirilen zal göz öňüne tutulan.Sportuň basketbol we woleýbol görnüşleri üçin ýapyk bina we açyk meýdançalar bar. Sport toplumynyň ýanaşyk çäklerinde uly we kiçi futbol, uzak aralyga ylgamak we ýeňil atletika üçin açyk meýdançalar, köp sanly trenažordyr dürli sport enjamlary bar.

Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sporty ösdürmek baradaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde häzirki zaman sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Talyplaryň sport kluby hereket edýär we onuň wezipesi talyplaryň saglygyny berkitmek üçin şertleri döretmekden, sporta bolan höweslerini artdyrmakdan ybaratdyr. Talyplaryň sport kluby sagdyn, beden taýdan güýçli, ruhy taýdan baý ýaş nesliň bilim almagyny ösdürmek, talyplaryň bedenterbiýä we sporta bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaklyga niýetlenendir. Talyplaryň sport klubynda sportuň dürli görnüşleri boýunça birnäçe gurnaklar hereket edýär.Talyp ýaşlar sapakdan boş wagtlary bu gurnaklaryň işine diýseň höwesli we işjeň gatnaşýarlar.Uniwersitetde sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.
Uniwersitetiň talyp türgenleri ýurt we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşyp, üstünlikleri gazanýarlar.
2025-nji ýylyň 22-25-nji apreli aralygynda sportuň Türkmen Milli göreşi hem-de Alyş göreşi boýunça Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara ýaryş geçirildi. Ýaryşda uniwersitetimiziň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Hojammaýew Begli 100 kg agram derejesinde II orna, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Garagulow Umyt 60 kg agram derejesinde III orna, Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Faýzullaýewa Aýnura 58 kg agram derejesinde II orna mynasyp bolmagy başardylar.

2025-nji ýylyň 20-22-nji maýy aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň Açyk çempionatynda uniwersitetimiziň Geologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Žalaýew Musa üstünlikli çykyş edip II orna mynasyp boldy.

2025-nji ýylyň 2-12-nji iýuny aralygynda Şri_lanka döwletiniň Kolombo şäherinde Günbatar Aziýa döwletleriniň Ýaşlarynyň arasynda geçirilen Küşt boýunça Halkara yaryşynda, uniwersitetimiziň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Şöhradowa Lala II orna mynasyp boldy.

2025-nji ýylyň 4-12-nji awgusty aralygynda ÖzbegistanRespublikasynyň Samarkand şäherinde sportuň adaty Karate görnüşi boýunçaMerkezi Aziýanyň açyk çempionaty geçirildi. Bu Halkara ýaryşda ÝagşygeldiKakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiňNebitsenagat fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Begjanow Hemra 80+ kg agramderejesinde üstünlikli çykyş edip, I orna mynasyp bolmagy başardy.

2025-nji ýylyň 11-14-nji sentýabry aralygynda Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherinde sportuň Jiu-Jitsu görnüşi boýunça Balkan döwletleriniň arasyndaky XX Halkara ýaryşynda uniwersitetimiziň Geologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Jumamyradow Alyşir üstünlikli çykyş edip, II orna mynasyp boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň taryhyna täze sahypalar ýazylýar. Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, abraýly orunlary eýelemäge ukyply ýurt hökmünde tanalýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän hemmetaraplaýyn mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 13-23-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça “CAVA Men’s Women’s Students Volleyball championship 2025” atly Merkezi Aziýa döwletleriniň talyp oglan we gyzlarynyň arasynda Halkara ýaryşy geçirildi. Ýaryşda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen talyplar ýygyndy toparymyz üstünlikli çykyş edip, mynasyp II orny eýelediler.
Bu üstünlikde Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary, Merdanow Ýazmyrat, Berdigulyýew Şirmämmet, Ballykow Arslan, Amanow Aman, Toýlyýew Kerim, Kadamjanowa Tawus, Nuryýewa Tuwakbibi, Pirmetowa Dilafruz hem-de tälimçimiz Jumaýewa Leýla uly goşant goşandyklaryny aýratyn belläp geçmeli.
Nesillerimiziň kämil derejeleri gazanmagy üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri we şertleri elýeterli edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 19-28-i aralygynda Bangladeş Respublikasynyň Dakka şäherinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça “CAVA CHALLENGE CUP 2025” atly orta Aziýa döwletleriniň arasynda Çagyryş Ligasy geçirildi. Ýaryşa ýer eýeleri Bangladeş, Nepal, Maldiw adalary, Owganystan, Şri-lanka hem-de biziň milli ýygyndymyz gatnaşdylar. Geçirilen Halkara ýaryşynda milli ýygyndymyz üstünlikli çykyş edip, mynasyp I orny eýeledi. Milli ýygyndymyzyň bu üstünligine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary aýratyn goşantlaryny goşdular, olar:
- Weýisow Baýramgeldi
- Hemrakulyýew Bagtyýar
- Döwletow Akmyrat
- Nurgeldiýew Tirkeş
- Ballykow Arslan
- Allaberdiýew Ylham

2025-nji ýylyň 19-27-nji dekabry aralygynda Katar döwletiniň Doha şäherinde sportuň agyr atletika görnüşi boýunça Katar döwletiniň 10-njy açyk çempionatynda uniwersitetimiziň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Rejepow Resul üstünlikli çykyş edip, baýrakly III oruna mynasyp boldy.

2026-njy ýylyň 6-8-nji fewraly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Dagestan Respublikasynyň Mahaçkala şäherinde sportuň erkin göreş görnüşi boýunça Halkara ýaryş geçirildi. Ýaryşda uniwersitetimiziň Geologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Musagulyýew Süleýman 125+ kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, mynasyp I orny eýelemegi başardy. Şol ýaryşda 65 kg agram derejesinde Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby II orna mynasyp boldy.
