BILIM

Okuw bölümi

Okuw bölüminiň işiniň esasy ugurlary

     Ýagşygeldi   Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  (HNGU)  okuw  bölüminiň  işiniň  esasy  ugurlary: okuw  işini  döwrüň  talabyna laýyklykda  guramak, talyplara  ýokary hilli  bilim  bermek, mugallymlary,hünärmenleri  taýýarlamak  we  işgärleri  gaýtadan  taýýarlamak  işlerini   ýola goýmak  hem-de  sanly  bilim  ulgamyny  yzygiderli  durmuşa  geçirmek  we  kämilleşdirmek.

Bölümiň wezipeleri:

·       Türkmenistanyň  Prezidentiniň  Permanlaryny,  Kararlaryny,  Türkmenistanyň  Ministrler  Kabinetiniň  we  Türkmenistanyň  Bilim  ministrliginiň tabşyryklaryny, buýruklaryny, talaplaryny, görkezmelerini,gözükdirijilerini we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny okuw işinde amal etmek;

·       daşary  ýurt  dillerini, tebigy  we  takyk  ylmy  ugurlara  degişli  dersleri  okatmagy  kämilleşdirmek, sanly bilim  ulgamyny  ösdürmek  boýunça Konsepsiýalary, sanly  ykdysadyýeti  ösdürmegiň, himiýa  ylmyny  we  tehnologiýalaryny  toplumlaýyn  ösdürmegiň  Döwlet Maksatnamalaryny  we  beýleki degişli  resminamalary okuw  işine  yzygiderli  ornaşdyrmak;

·       uniwersitetde   okuw  işini  guramakda  Türkmenistanyň  ýokary  hünär  okuw  mekdepleriniň  professor-mugallymlarynyň  işlerini   guramak  boýunça usuly  gözükdirijileri,  okuw-usuly  we  beýleki  işleriň   esasy  görnüşlerini   düzgünleşdirmek;

·       uniwersitetiň  işini  kadalaşdyrýan  içerki  tertip-düzgün  kadalaryny  we  beýleki  degişli  resminamalary  işläp  düzmek;

·       Türkmenistanyň  ykdysadyýetiniň  pudaklary  üçin  ylmy  we  amaly  taýdan  kämil  hünärmenleri,bakalawrlary  we  magistrleri  taýýarlamak;

·       Türkmenistanyň  ýokary  taýýarlykly  işgärlere  we  ýokary  bilimli  hünärmenlere  bolan  talaplaryny  kanagatlandyrmak;

·       professor-mugallymlaryň  işini  kämilleşdirmek  we  talyplaryň  bilimini  çuňlaşdyrmak  boýunça  okuw-usuly  maslahatlary  guramak;

·       uniwersitetiň   talyplarynyň  halkara  we  döwlet  derejesinde  geçirilýän  ders  bäsleşiklerine,  internet  olimpiadalaryna  yzygiderli  gatnaşmaklaryny  has-da  işjeňleşdirmek  maksady  bilen, meýilnamalaýyn  işleri  alyp  barmak;

·       professor-mugallymlaryň  hünär  derejesini  ýokarlandyrmak;

·       okuw  sapaklarynyň  tertibi  düzülende  fakultetleriň,  bölümleriň  we  beýleki  gurluş  düzümleriniň  işini  utgaşdyrmak;

·       okuw  işleriniň  çyzgydyny,okuw  sapaklarynyň, aralyk  jemlemeleriniň, hasap-synaglarynyň  tertibini  düzmek;

·       bilim  bermek  we  hünär  öwretmek  işini  talabalaýyk  guramak, işgärleri  seçip  almagy  hereket  edýän  kanunçylyga  we  düzgünnama  laýyklykda amala  aşyrmak;

·       okuwlaryň  tertibiniň  berjaý  edilşine  we  okuw  dersleriniň  okadylyşynyň  hiline, aralyk  jemlemeleriň  geçirilişine  gözegçilik  etmek;

·       jemleýji döwletsynag toparynyň işini resmi taýdan taýýarlamak we talabalaýyk geçirilmegini üpjünetmek;

·       kafedralarda okuwýüküniň göwrümini hasaplamagyň dogrulygyna gözegçilik etmek;

·       okuw  meýilnamalaryny,esaslyk  okuw  maksatnamalaryny  we  iş  okuw  maksatnamalaryny, beýleki  okuw-usuly  resminamalary  işläp  düzmek;

·       ýurdumyzyň  we  daşary  ýurtlaryň  abraýly  ýokary  okuw  mekdepleriniň  professor-mugallymlarynyň,  hünärmenleriniň  gatnaşmagynda   okuw-usuly çäreleri   guramak;

·       bellenen  ölçeglere  we  talaplara  laýyklykda, okuw   işlerini  maddy-tehniki  taýdan  üpjün  etmek  we  enjamlaşdyrmak,okuw  otaglaryny abzallaşdyrmak  hem-de  döwrebaplaşdyrmak;

·       okuw  meseleleri baradaky  hatlara  jogap  bermek  we  güwänamalary  düzmek;

·       okuw  kitaplaryny,okuw  gollanmalaryny  we  beýleki  okuw-usuly  edebiýatlary  we  resminamalary  taýýarlamagy  ýola  goýmak;

·       talyplaryň  okuw,önümçilik  we  diplomyň  öň  ýanyndaky  tejribeliklerini  gurnamak  we  geçirmek  boýunça  fakultetleriň  we  kafedralaryň   işini utgaşdyrmak;

·       Türkmenistanyň  Bilim  ministrliginiň, rektoryň  buýruklarynyň  we  okuw  işleri  boýunça  prorektoryň  görkezmeleriniň  öz  wagtynda  ýerine  ýetirilişine gözegçilik  etmek.

Habarlaşmak  üçin:

  • Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina, 7-nji gat, otag 713
  • Tel: (+99312)39-13-05
  • Faks: (+99312)39-14-00 
  • E-mail: ag.chariyev@gmail.com
  • Web-saýt: iogu.edu.tm