Ylym bölüminiň işiniň esasy ugurlary barada maglumat
Ylym bölüminiň esasy maksady Türkmenistanda ylmy ösdürmegiň ugurlaryna degişli döwlet we milli maksatnamalaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylan we uniwersitetiň rektory tarapyndan tassyklanan meýilnama boýunça ylmy-barlag, taslama we innowasion döredijilik işlerini guramakdan ybaratdyr.
Ylym bölümi şu aşakdaky wezipeleri amala aşyrýar:
- Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň 13 belgili we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 14.02.2022 ý. 43 belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işlerini alyp barmak hakynda Düzgünnama» laýyklykda uniwersitetiň kafedralarynda, ylmy merkezlerinde, tehnologik parklarynda, beýleki düzüm birliklerinde ylmy-barlag işleriniň ýyllyk meýilnamasyny tassyklamak we olaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek;
- Türkmenistanyň Bilim ministriniň 17.01.2022 ý. 12 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Ýokary okuw mekdebiň mugallymynyň şahsy iş meýilnamasyny düzmek boýunça Gözükdirijä» laýyklykda, uniwersitetiň kafedralary tarapyndan professor-mugallymlaryň ylmy-barlag işlerini meýilleşdirmek we ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere gözegçilik etmek;
- Türkmenistanyň Bilim ministriniň 18.01.2022 ý. 15 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnamada» kesgitlenen görkezijilere laýyklykda ylmy-barlag we taslama-konstruktorçylyk işlerini seljermek, netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleri meýilleşdirmek we hasabatlylygy ýöretmek boýunça işleri utgaşdyrmak;
- Türkmenistanyň Bilim ministriniň 20.01.2022 ý. 18 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-pedagogik işgärleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama» laýyklykda ylmy-pedagogik işgärleriniň, kafedralaryň we fakultetleriniň reýtingini ýöretmek we onuň netijelerini seljerip uniwersitetiň ýolbaşçylaryna hasabat bermek;
- Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda uniwersitetiň kafedralarynda, ylmy merkezlerinde, tehnologik parklarynda, beýleki düzüm birliklerinde gözleg, ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk, ylmy-tehniki, synag işläp taýýarlamalary işleriniň ýerine ýetirilişini guramak;
- uniwersitetiň kafedralary we beýleki düzüm birlikleri tarapyndan ylmy-barlag işleriniň hojalyk hasaplaşygy şertlerinde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen kärhanalar, edaralar, guramalar hem-de beýleki hojalyk subýektleri bilen şertnamalaryň baglaşylmagyna gatnaşmak;
- Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda kafedralarda professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplaryň ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagyna ýardam bermek;
- bilelikde ylmy we ylmy-tehniki önümleri işläp taýýarlamak maksady bilen ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy edaralary, merkezleri hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak;
- ylmy-usuly, ylmy-amaly maslahatlary, sergileri, ylmy seminarlary hem-de köpçülikleýin häsiýetli beýleki ylmy çäreleri amala aşyrmak;
- talyplaryň, magistrantlaryň, aspirantlaryň we adýunktlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiklerini guramak hem-de geçirmek;
- ylmy-amaly maslahatlaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) we ylmy makalalaryň ýygyndysyny çapa taýýarlamaklyga we neşir etmeklige ýardam bermek;
- talyplaryň, aspirantlaryň, adýunktlaryň we ýaş alymlaryň döwlet derejesinde geçirilýän ylmy, taslama we döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryny ýola goýmak;
- professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplaryň ylmy we ylmy- konstruktorçylyk gurnaklarynyň işini guramak;
- ylmy-tehniki üstünlikleri patentleşdirmek we ygtyýarlylandyrmak, oýlap tapyşlary we täzeçillik tekliplerini bellige aldyrmak işlerine ýardam bermek;
- halkara indeksli ylmy žurnallarda talyplaryň, magistrantlaryň, aspirantlaryň, adýunktlaryň we professor-mugallymlaryň ylmy makalalaryny çap etmeklige ýardam bermek;
- ylmy-barlag we taslama işleriniň netijelerini önümçilige we okuw maksatnamalaryna we meýilnamalaryna ornaşdyrmak;
- uniwersitetiň derejesinde ylmy işler bilen baglanyşykly döwürleýin we ýyllyk, şeýle hem bölümiň işi barada hasabatlary taýýarlamak;
- halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde ýokary bilimi we ylmy işleri ösdürmek boýunça öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenmek hem-de olar bilen tejribe alyşmak;
- ylmy işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak;
- uniwersitetiň ýerine ýetirýän wezipelerine we maksadyna laýyklykda öz wezipe ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri ýerine ýetirmek.
1. Ylym bölüminiň işgärler düzümi uniwersitetiň gurluşyna laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
2. Uniwersitetiň guramaçylyk, ylym we ylmy-barlag işlerine umumy gözegçilik ylmy işler boýunça prorektor tarapyndan ýerine ýetirilýär.
3. Ylym bölümine ýolbaşçylyk ylym bölüminiň başlygy tarapyndan amala aşyrylýar. Ylym bölüminiň başlygy gönüden-göni uniwersitetiň rektoryna we ylmy işler boýunça prorektoryna tabyndyr.
4. Ylym bölüminiň işgärleri öz işlerini ylym bölüminiň başlygy tarapyndan işlenip taýýarlanan we uniwersitetiň rektory tarapyndan tassyklanan wezipe gözükdirijisine laýyklykda ýerine ýetirýärler.
5. Ylym bölüminiň işgärleri bölüm başlygyna tabyndyrlar we şu Düzgünnama esasynda işleri alyp barýarlar.
6. Ylym bölümi öz işini okuw ýyly üçin tassyklanan iş meýilnamasy esasynda uniwersitetiň Alymlar geňeşi, fakultetleri, kafedralary, beýleki düzüm birlikleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ýerine ýetirýär.
7. Ylym bölümiň iş meýilnamasy uniwersitetiň rektory tarapyndan tassyklanylýar.
8. Ylym bölümi öz öňünde goýlan wezipelere we iş meýilnamasyna laýyklykda ylmy işleri netijeli guramak we gözegçilik etmek boýunça şu aşakdaky işleri ýerine ýetirýär:
- uniwersitetiň ylmy işleriniň ýyllyk meýilnamasyny Alymlar geňeşinde ara alyp maslahatlaşmak, rektor tarapyndan tassyklatmak we bellenen tertipde ylalaşmak boýunça işleri alyp barýar;
- fakultetleriň, kafedralaryň, ylmy merkezleriň we beýleki düzüm birlikleriniň ylmy-barlag işleriniň meýilnamalaryny ylmy işler boýunça prorektor tarapyndan tassyklatmak boýunça işleri ýerine ýetirýär;
- fakultetleriň, kafedralaryň we ylmy merkezleriň ylmy işleriniň ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
- uniwersitetiň başlangyjy, tölegli esasda baglaşylan şertnamalar esasynda fakultetlerde, kafedralarda, ylmy merkezlerde, beýleki düzüm birliklerde ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işlerini yzygiderli seljerýär we gözegçilik edýär;
- döwlet şertnamalarynyň çäklerinde uniwersitetiň düzüm birlikleriniň beýleki taraplar bilen bilelikde ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işlerini utgaşdyrýar;
- uniwersitetde alnyp barylýan ylmyň we tehnologiýalaryň derwaýys temalary boýunça ylmy-amaly hem-de ylmy-usuly maslahatlaryň geçirilmegini üpjün edýär;
- uniwersitetiň çäginde, şeýle hem döwlet we halkara derejeli ylmy, ylmy- döredijilik, taslama bäsleşiklerini guraýar;
- uniwersitetiň talyplarynyň, magistrantlarynyň, adýunktlarynyň we aspirantlarynyň, ýaş mugallymlarynyň ýerli, döwlet we halkara ylmy, ylmy- döredijilik, taslama bäsleşiklerine gatnaşmaklaryna ýardam berýär;
- uniwersitetiň professor-mugallymlaryny we talyplaryny ylmy we ylmy- döredijik işlerine işjeň çekmek boýunça guramaçylyk çärelerini amala aşyrýar;
- Türkmenistanyň Bilim ministrliginden we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan syna gelýän monografiýalaryň, okuw kitaplarynyň, okuw, okuw- usuly gollanmalaryň, okuw maksatnamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyny ýola goýýar.
- uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, adýunktlarynyň, magistrantlarynyň we talyplarynyň ylmy, ylmy-tehniki oýlap tapyşlaryny hem-de täzeçillik tekliplerini bellige aldyrmak işlerini awtor(lar) bilen bilelikde patentleşdirmek we resmileşdirmek işlerini guraýar;
- fakultetleriň, kafedralaryň, ylmy merkezleriň we beýleki düzüm birlikleriň ýerine ýetirýän ylmy işleriniň netijeleriniň uniwersitetiň Alymlar geňeşinde yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylmagyny ýola goýýar;
- fakultetleriň, kafedralaryň, ylmy merkezleriň, beýleki düzüm birlikleriň ýerine ýetirýän ylmy işleri boýunça taýýarlaýan aralyk we jemleýji hasabatlaryny seljerýär, şol hasabatlary ulgamlaşdyryp, uniwersitetiň derejesinde ylmy-barlag işleriniň hasabatyny taýýarlaýar;
- ylym bölüminiň iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty taýýarlaýar;
- uniwersitet boýunça ylmy-barlag işleriniň hasabatyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine, ylmyň ugurlary boýunça Bilermenler toparyna we gaýry taraplara tabşyrýar;
- ylmy işleriň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem önümçiligiň, bilimiň we ylmyň arasyndaky baglanyşygy berkitmek boýunça işleri alyp barýar;
- uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, adýunktlarynyň, magistrantlarynyň, talyplarynyň ylmy-amaly, ylmy-usuly maslahatlardaky çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň (tezisleriniň) ýygyndysyny, şeýle hem ylmy makalalarynyň ýygyndysyny çapa taýýarlaýar;
- uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, magistrantlary- nyň, talyplarynyň ylymda gazanan üstünliklerini wagyz edýär;
- uniwersitetiň maksadyna we öňünde goýlan wezipesine laýyklykda öz wezipe ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri ýerine ýetirýär.
Habarlaşmak üçin:
Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8,Baş bina, 3-nji gat, 305-nji otag
Tel: (+99312) 39-14-47
Faks: (+99312) 39-14-00
E-mail: hakberdihoshdurdyyew@gmail.com
Web-saýt: iogu.edu.tm