Ylmy-barlag we taslama işleri
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki ýurduň geljegi, onuň ykdysady ösüşleri tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň derejesi bilen berk baglanyşyklydyr.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag, taslama institutlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralary, şeýle hem daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleri, ylmy guramalary we merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňden saklaýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti halkara hyzmatdaşlygy alyp barmakda işjeňlik görkezýär. Bu babatda Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Awstriýanyň, Koreýanyň, Russiýanyň, Italiýanyň, Ukrainanyň, Özbegistanyň, Belarusyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we Ýewropa Bileleşiginiň “Erasmus+” guramasy bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyklara we Özara düşünişmek boýunça Ähtnamalara laýyklykda degişli işler alnyp barylýar.
Soňky ýyllarda uniwersitetiň ylmy-barlag işlerinde innowasion tehnologiýalara aýratyn orun berilýär. Şonuň üçin uniwersitetde innowasiýa ylmy-okuw merkezi hereket edýär. Bu merkezde kämilleşdiriş okuwlary geçirmek ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny güýçlendirmek işleri dowam etdirilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna we Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmagyň Meýilnamasyna laýyklykda professor-mugallymlar, talyp ýaşlar we ýaş alymlar, alymlyk derejesine dalaşgärler we aspirantlar berkidilen temalar boýunça ylmy-barlag işler alyp barýarlar. Alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri makalalar we tezisler görnüşinde ýurdumyzda, daşary ýurtlaryň ylmy neşirlerinde çap edilýär we halkara derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda beýan edilýär. Geçirilen ylmy barlaglardan alnan netijeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Oýlap tapyşlar boýunça patentler we şahadatnamalar alynýar.
Ylmy-barlag işleriniň okuw işi bilen utgaşdyrylmagyny üpjün etmek, hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen ylmyň ileri tutulýan şu ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri alyp barylýar:
• “Ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda magnezial önümler almagyň we önümçilik suw serişdelerini rejeli ulanmagyň tehnologiýasynyň ylmy esaslaryny işläp düzmek”;
• “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda emele gelýän aşgar galyndylary peýdaly ulanmagyň ylmy usullaryny işläp düzmek”;
• “Önümçilikde ulanylan mineral ýaglary gaýtadan peýdalanmagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek”;
• “Maglumat howpsuzlygy babatynda bar bolan kompýuter programma üpjünçilikleriniň işlerini döwrebaplaşdyrmak”;
• “Ylmy-barlag, taslama işleri we tejribeleri awtomatlaşdyrmak, alnan maglumatlardan netije çykarmagyň sanly usullaryny işläp taýýarlamak”.
Ylmy çäreler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti her ýyl ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli ylmy-amaly maslahatlary geçirilýär we sergileri gurnaýar. Bu bolsa gazanylan üstünlikleri äşgär etmekde, talyplaryň arasynda ýeňijileri höweslendirmekde we beýleki ýaşlary ylma çekmekde uly ähmiýete eýedir.
Uniwersitetiň ýaş alymlary we talyplary halkara maslahatlara we sergilere işjeň gatnaşýarlar we her ýyl döwlet derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara we sergilere öz işlerini hödürleýärler. Olardan:
- “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnologiýa we innowasiýa tehnologiýalary” atly halkara konferensiýasyna;
- “Ak şäher Aşgabat” halkara sergisine;
- “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly XXV halkara konferensiýasyna;
- “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe saglyk, bilim we sport” atly halkara sergi we ylmy konferensiýasyna;
- “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahatyna;
- “Kitap – hyzmatdaşlyga we ösüşe barýan ýol” atly halkara kitap ýarmarkasyna we ylmy konferensiýasyna gatnaşmak bilen öz ylmy üstünliklerini beýan edýärler.
Ýaş Alymlar Geňeşi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary derejeli mugallymlary, ýaş alymlary, tehnologlary taýýarlamak boýunça, ýaş alymlaryň ylmy-barlag we taslama işlerini netijeli alyp barmaklary üçin hem-de zehinli ýaşlary ylma çekmek maksady bilen Ýaş Alymlar Geňeşi döredildi.
Ýaş Alymlar Geňeşi – bu ylmy-jemgyýetçilik esasda döredilen ylmy gurama bolup, ylmy-barlag, taslama-konstruktorçylyk, oýlap tapyş, önümçilige ornaşdyrmak, patent we beýleki ylmy döredijilik işlerine gatnaşýan ýaş alymlaryň meýletin we öz-özüni dolandyrýan ýaşlaryň birleşigidir. Ýaş Alymlar Geňeşiniň düzümine şular degişlidir: Ylmy-barlag we taslama işleri boýunça talyplaryň gurnaklary, Ylmy-barlag we konstruktorçylyk merkezi, Nebitgaz Çaphanasy, Nebitgaz pudagynyň Ylmy we tehnikasy atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly.
Ylmy-barlag we konstruktorçylyk merkezinde ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda ylmy-konstruktorçylyk gurnagynda robot tehnikasynyň ylmy-barlag işleri alnyp barylýar we yzygiderli höwesjeň mekdep okuwçylary üçin görkeziş-tanyşdyryş sapaklary guralýar.
Nebitgaz Çaphanasynda uniwersitetimiziň professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň hormat hatlary, ylmy-amaly maslahatlaryň kitaplary, tezisleriň meýilnama kitapçalary taýýarlanýar we uniwersitetimiz üçin dürli görnüşli çaphana hyzmatlary amala aşyrýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitgaz pudagynyň Ylmy we tehnikasy” atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynda professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ýerine ýetirýän ylmy-barlag işleriniň netijelerini beýan edýän ylmy makalalar yzygiderli neşir edilýär.
Ylmy-barlag we taslama işleri boýunça talyplaryň gurnaklary
Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri innowasion tehnologiýalary özleşdirmek we ýokary ykdysady görkezijileri gazanmak üçin hünärmenleriň bilimlerini, başarnyklaryny we döredijiligini ösdürmek maksady bilen, talyp ýaşlary ylmy-barlag we taslama işlerine işjeň çekmekdir.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary ylmy-barlag we taslama işlerine işjeň çekmek maksady bilen, ylmy we taslama gurnaklary döredildi.
Ylmy-barlag we taslama işleri geljekki hünärmenleriň uniwersitetde alan bilimlerini we başarnyklaryny döredijilikli durmuşa geçirmäge taýýarlygyny emele getirýär, ylmy iş usulyýetiniň esaslaryny özleşdirmäge we tejribe toplamaga kömek edýär.
Talyplary ylmy-barlag we taslama işlerine çekmek ylmyň we tehnikanyň dürli pudaklaryndaky möhüm meseleleri çözmekde, olaryň güýjünden peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Uniwersitetiň islendik talybynyň ylmy we taslama gurnagyň agzasy bolmaga we öz gyzyklanmalaryna laýyklykda temany saýlamak we kafedranyň mugallymynyň ýolbaşçylygynda ony ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bardyr. Mugallymlar talyplary ylmy-barlag we taslama işlerine gatnaşmaga, ylmy temalary we taslamalary işläp düzmäge höweslendirýärler, gurnagy zerur enjamlar bilen üpjün edýärler.
Häzirki wagtda uniwersitetiň Ýaş Alymlar Geňeşiniň düzüminde talyplaryň şu ylmy-barlag we taslama gurnaklary hereket edýär: “Ýaş nebitgazçy inženerler”, “Ýaş burawçylar”, “Taslamaçylar”, “Dilçiler”, “Ýaş inžener geofizik”, “Ýaş geologlar”, “Ýaş gidrogeologlar”, “Ýaş dagmagdançylar”, “Ýaş markşeýderler”, “Ýaş inženerler”, “Ýaş senagat gurluşykçy”, “Tehnikanyň gadamlary”, “Ýaş mehanikler”, “Sanly elektronikanyň esasynda energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar”, “Inžener fizikler”, “Ýaş ekologlar”, “Radikal”, “Ýaş filosofiýaçylar”, “Ýaş himik tehnologlar”, “Ýaş ykdysadyýetçiler”, “Awtomatlaşdyrylan maglumat ulagamlarynyň programma üpjünçiligini döretmek”, “Kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça programma üpjünçilikleri döretmek üçin mugallymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy topary”, “Programmirleme sungaty”, “Ýaş matematik”, “Ussat burawçylar”, “Gara altynyň gözleginde”, “Bagtyýar nebitçiler”, “Zehinli ýaşlar”.
Talyplaryň ylmy we taslama gurnaklary öz işlerini uniwersitetiň ylmy ugurlaryna laýyklykda ýerine ýetirýärler we Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň önümçilik kärhanalarynda we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda önümçilige ornaşdyrmak üçin teklipleri taýýarlaýarlar.
Inženerçilik Akademiýasy
Bu “Inženerçilik Akademiýasynda” ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion biznes tehnologik taslamalary, “Start-up” görnüşli taslamalary, ýerli nebitgaz we beýleki himiki çig mal serişdeleriň esasynda täze kompozit materiallary we inžener-tehniki önümleri öndürmekligiň tehnologiýasyny işläp düzmekligiň mümkinçilikleri, täze işlenilip düzülen tehnologiýalar boýunça Türkmenistanyň oýlap tapylyş patent resminamasy arkaly resmileşdirmekligiň mümkinçilikleri, olaryň daşary ýurt harytlaryň ornuny tutmaga ukyplylyk derejesine we önümçilige ornaşdyrylmak mümkinçilikleri barada halypa professor-mugallymlar bilen maslahatlary geçirmek we bu derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly wajyp intellektual-logiki söhbetdeşlikler, şeýle-hem tejribeligiň alyş-çalşygy amala aşyrylýar.
Reýtingler boýunça baş müdirlik
Reýtingler boýunça baş müdirligi uniwersitetimizde “Aýyň talyby”, “Aýyň mugallymy”, “Aýyň kafedrasy” we “Aýyň fakulteti” ýaly bäsleşik görnüşindäki seljeriş, hasaba alyş we deňeşdirilme işleri ýerine ýetirýärler. Mundan başga-da bu işleriň ýerine ýetirilmegine ähli fakultetleriň dekanlaryň ylmy işler boýunça orunbasarlary we ähli kafedra müdirler işjeň gatnaşýarlar.
Uniwersitetimizde ylmy-pedagogik işgärleriň Reýting bahalandyrmasy boýunça ýerine ýetirilýän işleriň hil häsiýetnamasyny kämilleşdirmek maksady bilen Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary kafedrasynyň we Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan “iRating”, ýagny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň işjeňligini hasaba almak usulyny awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiligi döredildi.
Bu programma uniwersitetimiziň içki lokal toruna ornaşdyryldy we doly derejede işe girizildi. Ähli fakultetleriň dekanlaryň ylmy işler boýunça orunbasarlary bu programma öz fakultetlerine degişli bolan mugallymlaryň we talyplaryň gazanan üstünliklerini, ýerine ýetiren işlerini yzygiderli girizýärler.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, milli bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, çalt depginler bilen ösýän sanly ykdysadyýetiň zerurlyklary nazara alnyp, täze hünär okuwlary girizilýär, okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar, bilim bermegiň innowasion usullary okuw işine ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk has-da ýabaňlandyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, 2024-nji ýyla çenli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek wezipesini öňde goýdy. Bu wezipeden ugur alnyp, geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2021-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda Beýik Britaniýanyň ady belli THE (Times Higher Education – Bütindünýä reýting guramasy) tarapyndan her ýylda geçirilýän World University Ranking Bütindünýä uniwersitetleriň reýtinginiň taslamasynyň çäginde Impact Ranking 2022 (Täsir etmegiň reýtingi) atly reýtingiň sanawyna girmek üçin 2019-njy we 2020-nji ýyllarda şu aşakdaky görkezijiler:
- SDG4 (Ýokary hilli bilim);
- SDG7 (Elýeterli we arassa energiýa);
- SDG9 (Senagat, innowasiýalar we infrastruktura);
- SDG17 (Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk)
boýunça Durnukly ösüş maksatlaryna gabat gelýän degişli işler alnyp baryldy.
Geçirilen işleriň netijesi boýunça 2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýän ady belli Times Higher Education (Bütindünýä reýting guramasy) tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Bütindünýä uniwersitetleriň reýtinginiň sanawyna girizilendigi habar berildi we ol barada maglumat Times Higher Education (Bütindünýä reýting guramasynyň) resmi web-saýtynda doly sanaw bilen resmileşdirildi (https://www.timeshighereducation.com/).
Dünýäde ady belli Times Higher Education (Bütindünýä reýting guramasy) ýokary bilim ulgamynda reýtingleri geçirmek boýunça ykrar edilen lider hasaplanylýar.
2022-nji ýylda Times Higher Education (Bütindünýä reýting guramasynyň) Impact Ranking reýtingine gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriň sanawy getirilýär. Jemleýji reýting sanawyna girmek üçin hökmany 4 sany Durnukly ösüş maksatnamalarynda (SDG) reýting sanawyna girmek zerur. Eger uniwersitet olaryň 4 sanysynda hasaba alynmadyk bolsa, onda ol tutuş reýting sanawyndan aýrylýar we jemleýji reýtinge girizilmeýär, emma hasaba alnan Durnukly ösüş maksatnamasynyň sanawynda onuň netijeleri görkezilýär.
Şeýlelikde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Türkmenistanyň resminamalaryny tabşyran ähli 4 sany Durnukly ösüş maksatnamalarynda hasaba alnyp, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinjileriň biri bolup, şeýle ady belli we abraýly reýtingiň sanawyna girmegi başardy.
Reýtinge dünýäniň 1400-den gowrak abraýly ýokary okuw mekdepleri saýlandy.
Türkmenistandan iki sany ýokary okuw mekdebi – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty jemleýji reýting sanawyna girizildi.
2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ taslamasynyň çäginde Ispaniýanyň Deusto uniwersitetiniň ugrukdyrmasynda Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gatnaşmagynda RUTA atly (Russiýada we Türkmenistanda bäsdeşlige ukyplylygy we durmuş taýdan jebisligi ýokarlandyrmak üçin hili üpjün etmek) taslamasy boýunça sargyt berildi. Taslamada sanly we maglumat tehnologiýalaryny ösdürmeklige uly üns berilýär. Bu sargyt 17.02.2022ý. üstünlikli kabul edildi. Häzirki wagtda taslamanyň resminamalaryna seredilip, onuň netijesine garaşylýar.
Mundan başga hem Uniwersitetleriň Halkara Bileleşigi (IAU) tarapyndan ýokary bilimiň sanly transformasiýasy ugrunda 10-a golaý webinarlara gatnaşyldy.
Bu webinarlarda Bileleşigiň baýry we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň bu ugurda öňdebaryjy tejribesine we gazanan üstünliklerine seredilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habarlaşmak üçin:
- Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina
- Tel: (+99312)39-13-03
- Faks: (+99312)39-14-00
- E-mail: iuog@online.tm
- Web-saýt: iogu.edu.tm